Bill Geýts 2 ýylyň içinde ilkinji gezek dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginiň başyny çekdi

  • 17.11.2019 22:37
  • 5.1k+

«Microsoft» kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts Bloombergiň wersiýasy boýunça, Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosdan öňe geçip, milliarderleriň reýtinginde birinjilige geçdi. Geýts bu reýtingde iki ýylyň içinde ilkinji gezek birinji ýeri eýeledi
Agentligiň maglumatlary boýunça, Geýtse reýtingiň lideri bolmaga Pentagon bilen harby edaranyň maglumatlaryny saklamak üçin “bulut” infrastrukturanyň döredilmegini göz öňünde tutýan $10 milliard dollaryk şertnama baglanyşmagy kömek etdi. Bu şertnama öň Amazon kompaniýasy hem dalaşgärlik edipdi.
Pentagon bilen şertnamanyň netijesinde Microsoft-yň aksiýalary 4% gymmatlady, bu bolsa Geýtsiň emlägini $110 milliard ýokarlandyrdy. Muňa garamazdan, Amazon kompaniýasynyň aksiýalary, takmynan, 2% pese gaçdy we Bezosyň emlägi hem peseldi – agentligiň maglumatlaryna görä, ol $108,7 milliarda barabar.
Bloomberg reýtinginiň üçünji ornuny Louis Vuitton Moёt Hennessy kompaniýasynyň toparynyň prezidenti Benua Arno eýeledi – onuň emlägi $103 milliard diýlip bahalandyrylýar. Öň Geýts Arno bilen ikinji ýer üçin, şol bir wagtda Forbes reýtinginde hem bäsleşmeli bolýardy.
Oktýabrda Geýts dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Bezosdan bir günlük öňe geçdi: Amazon aksiýalary pese gaçyşy derrew ýeňip geçmegi başardylar, bu bolsa onlaýn-riteýleri esaslandyryja birinji orny gaýdyp berdi.
Bloombergiň maglumatlary beýleki neşirleriň maglumatlaryndan tapawutlanýar. Bellik edilen wagtynda, Forbes Real Time reýtingine görä, Bill Geýts heniz hem milliarderleriň reýtinginde ikinji orny eýeleýär ($107,4 milliard), Bezos bolsa – birinji ($108,6 milliard).

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......