Çaýyň suwuny iki gezek gaýnatmak bolýarmy?

  • 17.11.2019 18:34
  • 4.7k+

Iki gezek gaýnatmagyň zyýany baradaky pikir kitriniň düýbünde zyýanly himiki garyndylaryň galýandygy bilen baglydyr: ftorid, gurşun, nitrat, myşýak we ftor. Şeýle maddalar krantdan akýan suwuň düzüminde saklanýar we olary adaty filtrler bilen aýyrmak kyn bolýar. Ýöne olaryň ergini ujypsyz we zäherli suwlar bäş gezek gaýnadylandan soň hem ýüze çykmaýar.
Köp adamlar kitrini “sygyryp” başlandan öçürýärler ýa-da suwa asyl gaýnamaga maý bermeýärler. Eger-de çaý – siziň gowy görýän içgiňiz bolsa, sizem ony durman içýän bolsaňyz näme? Diýmek, maddalar konsentrasiýasy boýunça däl-de, köp mukdary sebäpli ýygnanýarlar.
Hakykatda beýle däl. Her ýarym sagatdan çaý içýän adamlar her gezek suwy gaýnadyp durmazlar. Şeýle ýagdaýda iki gezek gaýnatma zerarly garyndylardan zäherlenme bolup bilmez. Munuň üçin, azyndan, 20 litr suwy gaýtadan gaýnatmak gerek bolar.
Eger-de siziň kitriňiz gowy bolsa, krantdan hem arassa suw akýan bolsa, onda çaýyň suwuny iki gezek hem gaýnadyp bilersiňiz. Hatda günde bäş kürüşge içýän bolsaňyz hem şeýledir.
Çaýyň tagamy üýtgärmi?
Iki gezek gaýnatmanyň garşydaşlary suwy gaýnadanyňdan soň ereýän kislorodyň mukdarynyň peselýändigine salgylanýarlar. Bu hem dogry. 100 gradusda we atmosfera basyşynda ereýän kislorodyň mukdary nola deň bolar. Suwy näçe gezek gaýnadanyňyz möhüm hem bolmaz – birmi ýa iki gezek.
Sowama ýagdaýynda suw ýene-de kislorod ýygnar. Ereýän kislorod suwuň tagamyna täsir etmeýär, ýöne çaýyň tagamyna täsir edip biler. Meselem, 70 gradusdan ýokary temperaturada gaýnadylan gök çaý ajymtyk bolar. Gaýnatmanyň mukdary muňa hiç hili degişli däl, bu ýerde esasy rol suwuň temperaturasynda.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......