Alibaba kompaniýasy 1 günde $38 mlrdlyk söwda edip, rekord goýdy

  • 15.11.2019 06:38
  • 4.4k+

Hytaýda 24 sagatlyk satuw marafony geçirildi, netijede Alibaba kompaniýasy rekord girdejini mälim etdi. “Sallahlar güni” internet-reteýlerine $38,4 mlrd getirdi, ilkinji milliardyny kompaniýa bary-ýogy 68 sekuntda gazandy. Bu barada South China Morning Post habar berýär.
“Sallahlar gününde” Alibabanyň görkezijisi esasy bazarda – Demirgazyk Amerikada soňky çärýekde ($42,6 mlrd) Amazon internet-reteýleriniň 80% satuwyna deň derejeli boldy, Reuters belleýär.
Alibabanyň ýolbaşçylygy köp satylýan harytlaryň gajetlerdigini habar berdi, esasanam, Huawei Mate 30 Pro we Apple-den iPhone 11 Pro smartfonlary we egin-eşikler. Däp boýunça 11-nji noýabrda geçen satuw festiwalyna milliard töweregi adam gatnaşdy. Bu diňe bir Hytaýyň ýaşaýjylary bolman, eýsem dürli ýurtlaryň alyjylary – Russiýadan Argentina çenli.
Satuw üsti bilen Alibaba ilkinji milliardyny baýramçylyk başlandan, sekuntda 544 000 zakaz almak bilen 68 sekundyň içinde gazanmagy başardy. 2018-nji ýylyň rekordy satuwyň 16 ýarym sagadynyň içinde täzelendi.

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......