Tesla Germaniýada Ýewropada ilkinji kärhanasyny gurar

  • 14.11.2019 23:35
  • 580

Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ikinji halkara elektromobil kärhanasynyň döredilmegi barada anons etdi. Ol Berliniň golaýynda ýerleşer.
Täze kärhana Gigafactory 4 adyna eýe bolar. Ol Brandenburg federal ýeri bilen Berliniň araçäginde ýerleşýän Willi Brandt adyndaky halkara aeroportunyň öňünde dörediler.
Tesla Ýewropada Model Y modelinden başlap, akkumulýator batareýlerini we güýç enjamlaryny, elektromobilleri öndürer. Belläp geçsek, Tesla özüniň ilkinji daşary ýurt kärhanasyny Şanhaýda açypdy, ol ýerde Model 3-iň önümçiligine başlady. Şeýle-de, kärhanada Tesla Model 3 sedany we Tesla Model Y ykjam krossoweri ýerleşdiriler. Kompaniýa eýýäm Germaniýada iş bilen üpjün etmek boýunça boş orunlary ýerleşdirdi. Axios maglumatlaryna görä, kärhana 10 müň iş ýerini döretmäge mümkinçilik berer.
Tesla kärhanany 2021-nji ýylda işe girizmegi meýilleşdirýär.

düýn 19:05
4.6k+

3 sany ýörite Bentley Germaniýanyň günorta-günbataryndaky «garaňky tokaýa» bagyşlandy

Bentley özüni Bentley Stuttgart diler merkeziniň açylmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlap, Black Forest Regional Collection atly ýörite toplumyny çykardy. Toplumyň dizaýny günorta-günbatar Germaniýanyň tebigatyndan we Baden-Wýurtembergiň baý peýzažlaryndan ylham alýar...

düýn 10:46
1.8k+

Lamborghini Huracan Bugatti Tourbillon-dan has güýçli edildi: adaty ýollar üçin 2500 at güýji hödürlenýär

Underground Racing atelýesi Lamborghini Huracan STO superkaryny ep-esli güýçlendirdi. Etanol ulanylanda hereketlendirijiniň güýji 2500 at güýjüne ýetdi, bu bolsa ony 2000 at güýçli Bugatti Tourbillon supergibridinden has güýçli edýär...

düýn 10:21
1.6k+

Toyota meşhur Hilux kysymly awtoulagynyň wodorod bilen işleýän görnüşini görkezdi

Toyota kompaniýasy Beýik Britaniýadaky zawodynda ýygnalan Hilux Fuel Cell atly wodorod bilen işleýän pikap awtoulagyny tanyşdyrdy. Jemi on sany prototip öndürildi, olaryň bäşisi eýýäm synagdan geçýär. Awtoulagyň gurluşy üç sany gysylan wodorod ballony bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa oňa 600 kilometre çenli aralyk geçmäge mümkinçilik berýär...

düýn 10:18
2.1k+

Audi ilkinji gezek Concept C sport prototipini adaty ýollarda görkezdi

Audi kompaniýasy şu ýylyň güýzünde tanyşdyrylan Concept C atly sport prototipiniň täze suratlaryny çap etdi. Suratlarda awtoulagy Germaniýanyň ýol belgileri bilen adaty ýollarda görmek bolýar. Kompaniýa awtoulagyň nähili hasaba alnandygyny takyk düşündirmese-de, bu suratlar Audi-niň konsepti esasynda önümçilik modelini döretmekde çynlakaý niýetiniň bardygyny görkezýär...