Türkmenistanyň Wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň 40-njy mejlisine gatnaşýar

  • 14.11.2019 06:27
  • 1.1k+

12-nji noýabrda Pariž şäherinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Baş Konferensiýasynyň 40-njy mejlisiniň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Bilim ministriniň orunbasary A.Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.
Baş Konferensiýa BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azuleniň çykyşlaryndan başlandy.
Baş Konferensiýanyň birinji iş gününde 16 sany döwlet we hökümet baştutanynyň gatnaşmagynda ekologiýa we multilateralizme bagyşlanan meseleler boýunça baş ara alyp maslahatlaşmalar gurnaldy. Şeýle-de Baş Konferensiýanyň çäklerinde bilime we medeniýete bagyşlanan ýokary derejeli forumlar geçiriler.
Türkmen wekiliýetiniň saparynyň dowamynda ÝUNESKO-nyň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle-de Fransiýanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirilendir.
Baş Konferensiýa öz işini 27-nji noýabra çenli dowam eder.

şu gün 16:35
1.2k+

Portugaliýa ikinji gezek Milletler ligasynyň finalyna çykdy. Ýarym finalda ol Germaniýany utdy

Portugaliýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynyň ýarym finalynda Germaniýanyň toparyny utdy. Duşuşyk Mýunhende geçirildi we portugaliýalylaryň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde gollary Fransişku Konseýsau we Kriştianu Ronaldu geçirdi...

şu gün 16:05
594

Killian Mýorfi “28 ýyl soň” trilogiýasynyň ähli filmlerinde peýda bolar

Irlandiýaly aktýor Killian Mýorfi täze “28 ýyl soň” (28 лет спустя) trilogiýasynyň ähli bölümlerine gatnaşar. Bu barada režissýor Denni Boýla salgylanyp, ING habar berýär. Boýl ssenariçi Aleks Garlend bilen bilelikde howply wirus baradaky filmiň dowamy üçin köpden bäri pikiriniň bardygyny aýtdy...

şu gün 15:57
428

Samsung kompaniýasy Galaxy S26-y üçin esasy AI kömekçi hökmünde Perplexity-ni saýlady

Apple ChatGPT-ni enjamlaryna birleşdirjekdigini yglan edeninden soň, bäsdeşler özleriniň AI strategiýalaryna täzeden garap başladylar. Samsung Kremniý jülgesiniň başlangyjy bolan Perplexity bilen hyzmatdaşlyga girmek bilen, mundan ilkinjileriň biri bolup täsirlendi...

şu gün 15:54
1k+

Hakyky robot-transformer döredildi: ol uçýar, ýöreýär we şekilini üýtgedip bilýär

Kaliforniýanyň tehnologiýa institutynyň (Caltech) hünärmenleri şekilini üýtgedip, ýerde ýöräp bilýän «Aerally Transforming Morphobot» (ATMO) atly uçýan roboty işläp düzdüler. Bu barada New Atlas neşiri ýazýar. Robot uçuş wagty hem transformirlenip bilýär...