Disney Netflix-e bäsdeş bolup biljek onlaýn-hyzmatyny işe girizýär

  • 13.11.2019 22:32
  • 1.6k+

The Walt Disney Company korporasiýasy 12-nji noýabrda Disney, Pixar, Marvel, LucasFilm studiýalary tarapyndan dürli ýyllarda düşürilen ýüzlerçe kinolentalaryny, şeýle-de bu platforma üçin döredilen täze filmleri we seriallary ýerleşdirer ýaly hususy Disney+ onlaýn-hyzmatyny işe girizdi, TACC-a salgylanma bilen Trend habar berýär. Işe giren gününde Disney+ özüniň abunaçylaryna ilkinji serialyny, ýagny “Ýyldyz esgerleri”-ni hödürledi, munda hereket älemde bolup geçýär.
Ilkibaşda hyzmat ABŞ-da, Kanada-da we Niderlandiýada hereket eder, soňra beýleki ýurtlarda hem ýüze çykar.
Ekspertler Disney+ hyzmatynyň ýüze çykmagy bilen onlaýn-kinoteatrlaryň arasynda “tomaşaçylar ugrunda göreş” başlajakdygyna ynanýarlar, täze hyzmat hem uly mümkinçilik bilen Netflix, Amazon Prime, şeýle-de ýaňy-ýakynda işe girizilen Apple TV+ ýaly bazar liderlerinden üstün çykar, sebäbi Disney – 100 ýyllyk diýen ýaly taryhly we anons edilen kult filmleriň dowamyna garaşýan, dünýäniň ähli ýeri boýunça million muşdakly studiýa.

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......