Mandarinleriň peýdasy we zyýany: dietologyň maslahatlary

  • 12.11.2019 09:06
  • 7.7k+

Mandarin möwsüminiň başlanmagy bilen, dietologlar bu miwe barada öz maslahatlaryny  paýlaşdylar. “Вечерняя Москва” neşiri esasan wirus keselleriniň köp ýaýran möwsümi bolan güýz we gyş pasyllarynda mandariniň peýdasy barada habar berýär.
Dietologlaryň aýtmagyna görä, mandarinde witaminleriň örän köp mukdary, mikro we makroelementler, antioksidantlar saklanýar. Şeýle-de, olar griboklaryň ösmegini peseldýän, bakteriýalary öldürýän, artyk holesterinleri çykaryp, iýmit siňdiriş organlaryna oňaýly täsir edýän iýmit woloknalaryny saklaýarlar. 
Mandariniň düzüminde nemli bardalaryň dikelmegi üçin zerur bolan beta-karotin hem bar, ol näçe köp boldugyça, şonça-da mandariniň reňki açyk bolýar.
Mandarinler immun ulgamlary we ýürek üçin peýdaly – olarda ýürek myşsasyny berkidýän we artykmaç suwuklyklary aýyrýan kaliý köp. Mandariniň dilimini örtýän ak gabyjaklarynda antioksidant saklanýar.
Ýöne hemmeler üçin mandarin deň peýdaly däl. Aşgazan we içege, gastrit, ýokary turşulyk kesellerinde mandarinleri kabul etmekde seresap bolmaly. Aç garnyňa mandarini iýmeli däl, gabyklaryny demlemegi gowy görýänler bolsa bu miweleriň, esasan hem, import edilenleriň köplenç griboga garşy serişdeler bilen gowulaşdyrylýandygyny ýatda saklamaly. Eger-de miwe ýiti ýalpyldaýan bolsa, onuň gabygyny demlemek bolmaýar.
Şeýle-de, mandarinlerden miwe suwuny taýýarlaman, miwäni bitewiligine iýseň has gowy – şonda dilimlerde saklanýan şeker kletçatkalary glýukozanyň derejesini ýokarlandyrmazlar, aşgazanasty mäzlere täsir ýetirmezler.
Günüň dowamynda ortaça 2-3 mandarini iýmek howpsuz. Şondan artyk iýmek ukyby adamyň saglyk ýagdaýyna we günüň dowamynda näçeräk şekeri kabul edýändigine bagly bolýar.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......