Şahsy maýadarlar IPO dowamynda Saudi Aramconyň 0,5% paýyny satyn alyp bilerler

  • 12.11.2019 05:51
  • 2.3k+

Şahsy maýadarlar IPO wagtynda Saudi Aramconyň 0,5% paýnamasyny satyn alyp bilerler, diýlip kompaniýanyň paýnamany ilkinji ýerleşdirme boýunça prospektinde aýdylýar, РИА Новости salgylanma bilen Trend habar berýär.
“Şahsy maýadarlar üçin hödürleniljek aksiýanyň ýörite möçberi 0,5%-e çenli bolar” – prospektde bellenilýär.
Saudi Aramco – Saud Arabystanyň 1933-nji ýylda esaslandyrylan milli nebit kompaniýasy. Ştab-kwartirasy Dahranda ýerleşen. Kompaniýa ýurduň ähli nebit çykaryjy güýçlerini gzegçilige alýar. Saud Arabystanyň hökümetiniň Saudi Aramco-nyň IPO geçirmegi baradaky meýilnamasy ilkinji gezek 2016-njy ýylda belli bolýar. Muňa garamazdan, ýerleşdirme senesi ençeme gezek soňa goýulýar. Hasap boýunça, 5% aksiýanyň ýerleşdirilmesi Saudi Aramco kompaniýalar 100 milliard dollar getirip bilerler we taryhda rekord gazanyp biler.

düýn 21:49
1.5k+

xAI Grok ulgamyna maliýe pudagyny öwretmek üçin bankirleri işe alýar

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok neýroulgamyny kämilleşdirmek üçin maliýe bilermenlerini we bankirleri işe kabul edip başlady. Kompaniýanyň şeýle etmek bilen maksady bu çat-boty çylşyrymly maliýe amallaryny, şol sanda kärhanalaryň birleşdirilmegi we satyn alynmagy ýaly amallary seljerýän gurala öwürmekdir...

düýn 09:46
3.4k+

ByteDance-yň esaslandyryjysy Çžan Imin Hytaýyň iň baý adamy boldy – Forbes

ByteDance tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan Imin «Forbes» žurnalynyň täze reýtinginde Hytaýyň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Onuň baýlygy 69,3 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar, bu bolsa telekeçä dünýädäki milliarderleriň sanawynda 26-njy orny eýelemäge mümkinçilik berdi...

17.03.2026 18:15
2.4k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

16.03.2026 15:56
1.7k+

Täze Pokémon oýny Nintendo-nyň bazar gymmatyny 14 mlrd dollar ýokarlandyrdy

Täze Pokémon Pokopia oýnunyň gazanan üstünligi netijesinde, Nintendo kompaniýasynyň bahasy bir hepdäniň içinde 14 milliard dollar artdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Tokio fond biržasyndaky söwdalarda kompaniýanyň paýnamalary soňky bir hepdäniň dowamynda takmynan 18% gymmatlady...