Bişen hurmalary nädip saýlamaly?

  • 10.11.2019 11:22
  • 5.5k+

Haýsysy gowy: “korolýok” ýa-da “şaron”; hurma satyn alanyňda nämä üns bermeli; näme üçin hurmany doňduryja dykmaly? Hurma baradaky gyzykly maglumatlary siz bilen paýlaşýarys.
Özbek we azerbeýjan hurmalarynyň möwsümi sentýabrda başlanýar, noýabryň ortalaryna çenli Soçidäki sortlary bişip ýetişýär. Ispaniýada hurmany tutuş ýylyň dowamynda satyn almak bolýar, sebäbi Ispaniýada hurma ýörite şitilhanalarda ösdürilýär.
Hurma, korolýok we şaron näme bilen tapawutlanýar?
Hurma adaty we “korolýok” hilli bolýar. Adaty hurma doly bişip ýetişmänkä iýen wagtyň agzyň içini gamaşdyrýar, “korolýok” bolsa asyl gamaşdyryjy bolmaýar.
“Korolýok” erkek jynsly tozanlandyrylan tohumly gülden ösüp çykýar, ol goňur ýumşak etli we zolak görnüşli bolýar. Eger-de tozanlandyrma bolmasa, hiç hili tohum bolmaýar we “korolýok” hem ösmeýär. Oňa derek şol bir gaty, sary we tagamy boýunça turşy hurma bolýar.
Hurmanyň ýene bir görnüşi “şaron” – ýapon hurmasynyň we almasynyň gibridi. Şänik onda ýok, gabygy hem ýuka we ýalpyldawuk. Şaron gaty eti bilen alma meňzeş, tagamy boýunça bolsa ol bişen hurmany ýatladýar.
Miwe doly bişen halatynda ýitýän taniniň ýokary düzüminiň bardygy sebäpli, hurma iýen wagtyň agzyň içini gamaşdyrýar. Bu tagamy aýyrmak üçin hurmany gaty kagyz gutusynda ýa-da bişen bananlar bilen bilen paketda bir gije-gündiz goýmaly. Bananyň düzümindäki gaz etilenleri bişiş derejäni çaltlandyrýar.
Eger-de banan ýok bolsa, ony alma ýa-da pomidor bilen çalşyrmak bolýar: bular hem hurmanyň bişmegini çaltlandyrýar.
Hurmany doňduryja dykyp, bir gün-ýarym gün goýuň. Eränden soň ol süýji we ýumşak bolýar, gamaşdyryjy tagamy bolsa ýitýär.
Hurma almadan has peýdaly, onda burja, kädä we pomidora garanyňda, beta-karotin köp. Ol öz düzüminde iýmit woloknalaryny iki esse köp saklaýar, olar organizmden toksinleri we şlaklary çykarmaga kömek edýärler.
Hurmanyň süýjüdigine we ýokumlydygyna garamazdan, onuň glýukoza we kletçatka düzümliligi, ortalyk miwe 60 kilokaloriýany saklaýar – figurasyna gözegçilik edýänler üçin desertiň bir görnüşi.
Nähili saýlamaly?
Bişen hurma adatça, açyk-mämişi reňkden gara-goňur reňke çenli bolýar (hiline baglylykda). Gabygynda goňur zolaklar köp boldugyça, şonça-da miwe süýji. Eger-de bu “korolýok” bolmasa, onda miwe ýarym dury görnüşde bolmaly, ýapraklary – gury. Eger-de miwede gara nokatlar we tegmiller bar bolsa, bu hurmanyň zaýalanyp başlandygyny aňladýar.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......