Telekeçilik işini döwlet tarapyndan bellige almaklygyň tertibine üýtgeşmeler giriziler

  • 09.11.2019 18:45
  • 5.3k+

«Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibini Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklamak göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabatynyň çäklerinde belledi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Kadalaşdyryjy nama telekeçilik işini tertipleşdirmäge, salgyt-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir we milli kanunçylygyň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny belledi. Onuň esasy wezipesi bazar gatnaşyklaryny kemala getirmekden we ony giňeltmekden ybaratdyr.
Döwlet tarapyndan berilýän goldaw netijesinde hususy pudagyň wekilleri dürli pudaklarda giň gerimli işleri alyp barýarlar, gurluşyk, söwda we jemgyýetçilik iýmiti, oba hojalygy, senagat, bilim, syýahatçylyk pudaklarynda, mahabat gullugynda we neşir işlerinde ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.
Döwlet Baştutany kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň täzeçil durmuş ösüşine geçilmegine, şol sanda erkin telekeçilik we bäsdeşlik üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendigini belledi. Umuman, Prezident hödürlenen resminamanyň taslamasyny degişli düzümler bilen ylalaşmagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......