Ýylyň iň meşhur söz düzümi belli edildi

  • 08.11.2019 05:56
  • 3.4k+

Iňlis diliniň düşündirişli sözlügini çykarýan Harper Collins neşirýaty “climate strike” (“klimatik iş taşlaýyş”) aňlatmasyny 2019-ny ýylyň söz düzümi diýip atlandyrdy. Bu barada Trendiň TASS-a salgylanmak bilen habar bermegine görä, Press Association agentligi habar berdi.
Agentligiň maglumatlaryna görä, Harper Collins neşirýatynyň ekspertleri bu aňlatmanyň ulanylyşyny Parižde klimatyň üýtgemegi bilen bagly Bütindünýä konferensiýa geçirilende, ýagny 2015-nji ýylda ilkinji gezek hasaba alyp başlaýarlar.
Düýp sebäbi bolsa dünýäde meşhurlyga eýe bolan Global Climate Strike aksiýasy boldy, onuň ýüzi bolup 16 ýaşly şwed ekoaktiwisti Greta Tunberg çykyş etdi. 2018-ni ýylda ol klimatyň üýtgemegi ugrundaky göreş üçin her anna güni şwed mejlisiniň binasynyň öňünde ýeke özi sakçylyk geçirmek arkaly mekdep iş taşlaýşyny başlaýar. Köp ýurtlaryň talyplarydyr okuwçylary onuň göreldesine eýerýärler, şu ýylda bolsa aksiýa has giň gerime eýe boldy. Italiýada sentýabryň ahyrynda ekologiki garşylyga 1 mln töweregi adam gatnaşdy – esasan hem, mekdep okuwçylary we talyplary.
Sözlüge “rewilding” (“rewaýlding”) ýa-da sözme-söz terjime edilende “gaýtadan ýabanylaşdyrmak” düşünjesi hem girizilýär. Tebigaty goramak boýunça bu konsepsiýa iri haýwanlary öň olaryň adamlar tarapyndan gyrlyp ýok edilen ýerine dolamak arkaly ekosistemany dikeltmegiň esasynda döredilýär. Mundan başga-da, Collins Dictionary sözlüginiň resmi neşirine şeýle sözler hem giriziler, influencer (“inflýuenser”, pikiri kesgitli auditoriýa üçin ähmiýetli bolan adam), hopepunk (“houp-pank” – optimizm we pozitiw çagyryşlary döretmeklige gönükdirilen telewizion žanry, deepfake (“dipfeýk” – emeli intellektiň esasynda döredilen şekilleriň sintez usuly), non-binary (“nebinarnyý” – özüni erkek hökmünde-de, aýal hölmünde-de görmezligi dogry hasaplaýan neýtral genderli adamlara degişli bolan).
2018-nji ýylda Harper Collins-iň derňew geçirijileri single-use (“bir gezeklik peýdalanma”) aňlatmasyny ýylyň sözi diýip atlandyrdylar, 2017-nji ýylda bolsa – täzelik habary görnüşinde ýaýraýan, ýalan, köplenç sensasion maglumatlar hökmünde kesgitlenilýän “feýkow täzelikleri” (fake news) aňlatmasy. 2016-njy ýylda Birleşen Korollykda Ýewrosoýuz bilen aýrylyşmak baradaky referendum geçirilende söz düzümi Brexit iň belli aňlatma boldy, ol “Beýik Britaniýanyň Ýewrosoýuzdan çykmagy” diýen manyny aňladýar.

şu gün 16:05
182

Killian Mýorfi “28 ýyl soň” trilogiýasynyň ähli filmlerinde peýda bolar

Irlandiýaly aktýor Killian Mýorfi täze “28 ýyl soň” (28 лет спустя) trilogiýasynyň ähli bölümlerine gatnaşar. Bu barada režissýor Denni Boýla salgylanyp, ING habar berýär. Boýl ssenariçi Aleks Garlend bilen bilelikde howply wirus baradaky filmiň dowamy üçin köpden bäri pikiriniň bardygyny aýtdy...

şu gün 15:57
192

Samsung kompaniýasy Galaxy S26-y üçin esasy AI kömekçi hökmünde Perplexity-ni saýlady

Apple ChatGPT-ni enjamlaryna birleşdirjekdigini yglan edeninden soň, bäsdeşler özleriniň AI strategiýalaryna täzeden garap başladylar. Samsung Kremniý jülgesiniň başlangyjy bolan Perplexity bilen hyzmatdaşlyga girmek bilen, mundan ilkinjileriň biri bolup täsirlendi...

şu gün 15:54
405

Hakyky robot-transformer döredildi: ol uçýar, ýöreýär we şekilini üýtgedip bilýär

Kaliforniýanyň tehnologiýa institutynyň (Caltech) hünärmenleri şekilini üýtgedip, ýerde ýöräp bilýän «Aerally Transforming Morphobot» (ATMO) atly uçýan roboty işläp düzdüler. Bu barada New Atlas neşiri ýazýar. Robot uçuş wagty hem transformirlenip bilýär...

şu gün 15:52
552

Ledi Gaganyň Braziliýadaky konserti resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Ledi Gaganyň 3-nji maýda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäheriniň Kopakabana kenaryndaky mugt konserti resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynda zenan sazandalaryň arasynda iň köp tomaşaçy ýygnan ýekelikdäki çykyş hökmünde ykrar edildi...