Rus alymlary çagalaryň internete sarp edip biljek amatly wagtyny kesgitlediler

  • 07.11.2019 05:55
  • 3.1k+

Rus alymlary dürli ýaşdaky çagalaryň “kognitiw funksiýalarynyň ösüşine” internet torundan peýdalanmaklygyň nähili derejede ýardam edýändigini anyklamak üçin geçiren barlaglarynyň netijelerini hödürlediler. Barlag geçirijiler internet torunda bolmagyň oňaýly wagtyny kesgitlänlerinde, mekdep ýaşyna ýetmedik çagalarda, kiçi mekdep okuwçylarynda we ýetginjeklerde dürlüçe netije alnypdyr. Şonuň bilen birlikde alymlar internetden peýdalanýanlaryň onlaýnda az bolýan çagalar bilen deňeşdirilende ýetişiginiň ýokarydygyna has ynamly garaýarlar.
Gazanylan netijelere görä, 5 ýaşdan 6 ýaşa çenli çagalar üçin internetden peýdalanmak wagty günde bir sagada çenli, 7 ýaşdan 11 ýaşa çenli mekdep okuwçylary üçin – günde bir sagatdan üç sagada çenli, kiçi ýetginjekler üçin (12-13 ýaş) – üç sagatdan bäş sagada çenli.
Alymlar munuň “altyn ortalykdygyny” tassyklaýarlar: şeýle onlaýn-işjeň çagalar “käbir kognitiw funksiýalaryň ösüşinde has ýokary netijeleri” görkezýärler. Eger-de çaga onlaýnda “ortalyk diapazondan” artyk wagt geçirse, onda “neýropsihologiki görkezijileriň, esasan hem, gymyldynyň we hereketiň döreýiş funksiýasynyň, eşidiş-sözleýiş ýadynyň we gürrüň düzmegiň” netijeliligi pese gaçýar.
Bu barlaga ýaşy we internetden, gajetlerden peýdalanyş ölçeg derejeliligi boýunça dört topara bölünen 200 çaga gatnaşdy: pes, ortalyk, ýokary we has ýokary. Testler pes onlaýn-işjeňlikli (bir sagada çenli) mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň (5-6 ýaş) has gowy surat çekýändiklerini, ýumuşlary ýerine ýetirmäge çynlakaý girişýändiklerini görkezdi, olarda eşidiş-sözleýiş ýady olaryň gajetlerden az peýdalanýan ýaşytdaşlary bilen deňeşdirilende has kämil bolupdyr. “Şol ýaşdaky çagalarda onlaýn-işjeňligiň artmagy neýropsihologiki testleri ýerine ýetirmekde netijeliligi peseltdi” – barlagda aýdylýar.
Günüň dowamynda bir sagatdan üç sagada çenli gajetden peýdalanýan 7-10 ýaşdaky çagalar “ýumuşlaryň şertlerini has gowy analizlediler, hereketiň algoritmini özleşdirdiler, bir ýumuşdan beýleki ýumşa ýeňil girişdiler, ýumuşlary ýerine ýetirmekde ähli proseslere has gowy kontrollyk etdiler”. Şeýle-de olaryň görüş we eşidiş-sözleýiş ýady boýunça netijeliligi internetden düýbünden peýdalanmaýanlara ýa-da onda üç sagatdan hem köp wagt geçirýänlere garanda ýokary boldy. Kiçi ýaşly ýetginjeklerde onlaýn-işjeňlik has ýokary: günüň dowamynda üç sagatdan bäş sagada çenli internetden peýdalanýan çagalar şu ýaşdaky beýleki çagalar topary bilen deňeşdirilende, “bilimleriň we erudisiýanyň uly möçberini görkezdiler, olaryň maglumatlardan habarlylygy hem ýokary boldy”.
Şonuň bilen birlikde örän ýokary we pes onlaýn-işjeňligi bolan uly ýaşly ýetginjekler (14-16 ýaş) görüş ýady we gürrüň düzüp bilmek başarnygy boýunça birmeňzeş gowy netijäni görkezdiler. Tersine, orta işjeňlikli ýetginjekler erbet netije berdiler. Bu topar üçin onlaýn-işjeňligiň iň oňaýly wagtyny kesgitlemek barlag geçirijilere başartmady. “Bu biziň indiki barlaglarymyzyň predmeti. Eger-de biz şeýle barlagy üç ýyl mundan öň geçiren bolsak, iň oňaýly wagty görkeziji başgaça bolardy: bäş ýyl mundan öň her ýedi çaganyň biri onlaýnda günüň dowamynda sekiz sagat wagt geçirýärdi, häzir bolsa – her üçünji çaga” – hanym Soldatowa.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......