Dünýädäki iň girdejili kompaniýa IPO taýýarlyk görýär

  • 06.11.2019 10:10
  • 3.6k+

Saud nebit kompaniýasy Saudi Aramco IPO-ny meýilleşdirýär. Onuň bahasy häzir $2 trln diýip bahalandyrylýar. 2018-nji ýylyň jemi boýunça ol dünýädäki iň ýokary girdejini görkezdi - $111,1 mlrd.
Saud Arabystanyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ben Salman Saudi Aramco milli nebit kompaniýasynyň IPO-syna gutarnykly razylyk berdi, Bloomberg ýazýar. 
Saud Arabystanyň bazar kapitaly boýunça Dolandyryş müdirliginiň maslahaty zaýawkany tassyklady. Ýerleşdiriliş Saud biržasynda geçiriler.
Al Arabiya-nyň habar bermegine görä, kompaniýa 10-njy noýabrda IPO üçin prospekt neşir eder. Bahasyny kesgitleme hereketi 17-nji noýabrda başlanar, gutarnykly baha 4-nji dekabrda belli ediler. Telekanalyň çeşmeleri Saudi Aramco-nyň ýerleşdirme üçin jemi 5% aksiýany teklip etmekligi we $100 mlrd-y özüne çekmekligi meýilleşdirýändigini habar berýär.
Bu serişdeler Saud Arabystanyň milli maddy-üpjünçilik fonduna geçiriler. Olary nebitiň eksportuna bolan garaşlylygy azaltmagy öz içine alýan ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça maksatnamada – Vision 2030 döwlet maksatnamasynda ulanarlar.
Öň HBS Bloombergiň hasabaty boýunça Saudi Aramco kompaniýasynyň 2018-nji ýylyň jemi boýunça iň girdejili kompaniýa bolandygy barada habar berilipdi. Saudi Aramconyň arassa girdejisi $111,1 mlrd-a ýetdi. Ikinji orny Apple – $59,5 mlrd eýeledi. Üçünji orny Samsung – onuň girdejisi 2018-nji ýyl boýunça $35,1 mlrd boldy. 

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......