Fisker we Ford elektrik krossoweriniň çykyş senesini belli etdiler

  • 05.11.2019 22:47
  • 2.7k+

Fisker kompaniýasy indiki ýylyň ýanwar aýynda Tesla Model Y krossowerine bäsdeş bolup biljek täze elektrik krossowerini hödürlär. Bu barada özüniň Twitterinde firmany esaslandyryjy Henrik Fisker habar berdi. Belläp geçsek, Tesla Model Y krossoweri 2019-njy ýylyň mart aýynda tanyşdyrylypdy.
Täze awtomobil barada anyk maglumatlar heniz ýok, hatda onuň dizaýny hem gizlin galýar, muňa garamazdan, käbir informasiýalar belli. Meselem, bu täze awtomobil akkumulýatory goşmaça iýmitlendirmek üçin ýagty panelli üçege eýe bolar. Insaýderler elektrokaryň üçegiň bitewi uzynlygy gün batareýaly bolan dünýäde ilkinji krossower bolakdygyny aýdýarlar. Şonuň bilen birlikde, üst elektrik herekete getirijisine eýe bolar – üçegiň seksiýalary düwmäni basmak arkaly herekete getiriler.
Tehnikasy barada aýdylanda, krossower iki elektromotorly kuwwatly gurluş we 80 kWt/sagada niýetlenilen akkumulýatorlar toplumy bilen üpün ediler, onuň kömegi bilen awtomobil zarýadlamasyz 480 kilometri geçip biler.
Ýene bir elektrik krossower Mustang-yň tanyşdyrylyş dabarasy belli edildi. Ýagny, Ford doly elektrik krossoweriniň tanyşdyrylyşyny anons etdi. Model 17-nji noýabrda görkeziler.
Bu krossower ilkibaşdan elektromobil görnüşinde taslanylan ilkinji Ford bolar. Daşky görnüşi boýunça ol Mustang kupesine meňzediler. Onuň Mach-E diýip atlandyryljakdygy barada we yzky herekete getirijä eýe boljakdygy barada habar berýärler. Tehniki jikme-jikligi doly däl, ýöne öň anyklanylan maglumatlara görä, elektromobiliň ýokary wersiýalary 500-600 kilometrli ýol ätiýaçlygyna eýe bolarlar.
Mundan ozal Ford elektromobil çykarypdy – Focus-yň üçüni nesliniň binýady esasynda. Onuň önümçiligine 2011-nji ýylyň dekabrynda başlanylypdy. Ilkibaşda model 23kWt/sag göwrümli akkumulýator bilen üpjün edilipdi, 2017-ni ýylda 33,5 kWt/sagada niýetlenilen täze batareýa ýüze çykdy. Elektromotoryň kuwwatlylygy 145 at güýjüne barabar. Öndürilişi 2018-nji ýylda tamamlandy.

26.12.2025 22:20
7.5k+

Benzin bilen işleýän soňky Jaguar konweýerden çykdy

Jaguar sessiz-üýnsüz içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiligini tamamlady. Soňky krossower F-Pace Angliýanyň Solihall şäherindäki zawodda öndürildi. Bu barada model üçin hoşlaşyk çäresine gatnaşan markanyň muşdaklar klubunyň agzalary sosial ulgamlarda habar berdi...

26.12.2025 09:09
4.7k+

Huawei we GAC bilelikdäki Qijing brendiniň ilkinji täze modelini tanyşdyrdy

Huawei we GAC bilelikdäki Qijing brendiniň ilkinji awtoulagyny — L3 derejeli awtonom sürüş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan sport uniwersalyny (shooting-brake) tanyşdyrdylar. Model heniz kamuflýažyň (örtükli) astynda görkezildi...

25.12.2025 13:20
3.3k+

Afeela PlayStation oýunlaryny goldaýan dünýäde ilkinji awtoulag bolar

Sony kompaniýasy bazara PS Remote Play funksiýasyny (uzakdan oýnamak mümkinçiligi) goldaýan ilkinji awtoulagyň çykjakdygyny yglan etdi. Gürrüň birnäçe ýyl mundan ozal Sony we Honda tarapyndan döredilen Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasynyň önümi bolan Afeela elektrokary barada gidýär...

24.12.2025 12:59
2.3k+

Lancia ralli ýaryşyna gaýdyp gelmeginiň hormatyna çäkli nusgada sagat çykardy

Lancia kompaniýasy brendiniň Dünýäniň ralli çempionatyna (WRC) gaýdyp gelmegi mynasybetli Eberhard & Co sagat öýi bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan çäkli nusgadaky goşar sagadyny tanyşdyrdy. Jemi 360 sany nusgada öndüriljek bu sagatlaryň her biriniň bahasy 1980 ýewro bolar...