Google Fitbit korporasiýasyny 2,1 milliard dollara satyn aldy

  • 05.11.2019 03:36
  • 2.6k+

Alphabet kompaniýasy dakylýan elektron enjamlaryň önümçiligine ýöriteleşdirilen amerikan Fitbit korporasiýasynyň satyn alynmasy barada habar berdi. Şertleşigiň umumy jemi 2,1 mlrd dollara ýetdi.
Fitbit hem Nest-iň işini dowam etdirer we “Made by Google” markasy bilen dakylýan gajetleri öndürip başlar. Şol sebäpli pioner pudaklaryň birini satyn alandan soň, ýokary inwestirlemä eýe boljak Wear OS-ly akylly Pixel sagatlarynyň anonsyna garaşylýar.
“Google-iň resurslarynyň we global platformalarynyň kömegi bilen biz dakylýan enjamlaryň kategoriýasyna innowasiýalaryň girizilmegini tizleşdirip bileris, ösüşi çaltlandyryp we saglygy ähli adamlara elýeterli edip bileris” – Jeýms Park, Fitbiti esaslandyryjy we baş müdiri.
Özüniň press-relizinde Fitbit ulanyjylaryň saglygy we sport üstünlikleri baradaky maglumatlaryň anonim bolup galjakdygyny we reklama üçin Google-iň ulanylmajakdygyny belläp geçdi.

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......