Ýaponlar sellýulozadan awtomobil oýlap tapdylar

  • 03.11.2019 10:12
  • 827

Elbetde bu geň, ýöne awtomobil eýýäm daşky gurşaw ministrligi tarapyndan ýola goýlan, taslamanyň çäklerinde 22 sany ýapon uniwersitetleriniň toparlary tarapyndan taýýarlanylan prototip derejesinde hereket edýär.
Taslamanyň awtorlary awtomobil senagaty üçin niýetlenilen täze materiallar bilen synag geçirmek islediler. Ulagyň gurluşynda sellýuloza nanosüýümleriniň – agaçdan we oba hojalyk galyndylaryndan taýýarlanylýan, täze biomaterialyň esasynda kompozit materiallary ulanylan. Bu materialdan diňe bir daşky paneller däl, eýsem kuzowyň birnäçe kuwwatly elementleri hem taýýarlanyldy.
Şeýle materiallaryň peýdalanylmagy meňzeş göwrümdäki awtomobil bilen deňeşdirilende, ulagyň, takmynan, iki esse ýeňil bolmagyna mümkinçilik berdi. Az agram bilen bir hatarda, nanosüýüm berkligi bilen hem üstün çykdy, onuň önümçiligi we peýdalanylmasy hem has ekologiki. Prototipiň wodorod hereketlendirijisi bilen üpjün edilmegi geň zat, onuň kuwwatlylygy örän ujypsyz, çünki awtomobiliň iň ýokary tizligi sagatda ýigrimi kilometre barabar.

düýn 23:39
1.9k+

BMW "Üçlügiň" 50 ýyllygyny ýörite M340i bilen belleýär

BMW 3-nji seriýanyň 50 ýyllygy mynasybetli çäklendirilen nusgadaky M340i xDrive 50 Jahre Edition sedanyny hödürledi. Bu ýubileý nusgany geçen nesilleriň iň tanalýan reňklerini ýatladýan bäş sany özboluşly daşky reňkde hödürlenýär...

düýn 22:31
4.3k+

Toyota Land Cruiser-i pikaba we üç hatarly krossowere öwürmegi meýilleşdirýär

Geljek birnäçe ýylda Land Cruiser ady, öň bu meşhur ulag maşgalasy bilen baglanyşykly bolmadyk iki täze modelde peýda bolar. "Best Car Web" neşiriniň habaryna görä, Toyota öz hataryna pikaby we göteriji kuzowly (çarçuwasyz) üç hatarly krossoweri goşar...

düýn 22:03
1.6k+

Honda hereketlendirijisindäki näsazlyklar sebäpli 250 müňden gowrak Accord-y yzyna gaýtarýar

Honda, ABŞ-da 2025-nji ýyldaky modelleri hem öz içine almak bilen, jemi 256 müň 603 sany Accord gibrid sedanyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Yzyna çagyrmaklyga hereketlendirijiniň programma üpjünçiligindäki bökdençlikler sebäp boldy...

düýn 12:25
2.8k+

Täze 1139 at güýjüni berýän Cayenne “ähli döwrüň iň kuwwatly önümçilik Porsche-si” boldy

Porsche resmi taýdan Cayenne Electric awtoulagyny hödürledi. Kompaniýa ony markanyň iň kuwwatly önümçilik awtomobili diýip atlandyrýar. Awtoulagyň kuwwaty 1139 at güýjüne ýetýär, 60 milýa/sag (97 km/sag) çenli tizligi artdyrma 2,4 sekunt wagt alýar...