Hyundai täze Grandeur kysymyny anons etdi

  • 02.11.2019 05:41
  • 5.1k+

Hyundai kompaniýasy geljekki nesliň uly Grandeur sedany hakynda maglumat berýän tizerleriň birnäçesini neşir etdi – Motor Page habar berýär.
Bu awtomobil özüniň stilistikasy bilen tapawutlanar. Meselem, öňdäki optika radiator gözeneginiň bölegi bolar. Radiator gözenekde swetodiod elementleriniň ýanynda, täze Grandeur kuzowyň bitewi zolakly yzky bölegine eýe bolar. Salonda doly derejede sanly, enjamlaşdyrylan panel we uly sensorly multimedia ekrany dörediler. Mundan başga-da, sedanda merkezi konsuldaky düwmeleriň ornuny tutýan adaty selektor transmissiýasy bolmaz.
Tehnikasy barada aýdylanda, Hyundai Grandeur kysymynyň hereketlendiriji lineýkasyna benzin bilen işleýän Sonata kysymynyň sekizinji nesliniň modeli hökmünde çykyş edýän, täze Theta 3 hereketlendiriisi girer. Gürrüň 2,4 litr göwrümdäki agregata derek gelen, 194 güýç kuwwatlykdaky 2,5 litrlik “dörtlük” hakynda gidýär. Öňünden berilýän maglumatlara görä, Grandeur V6 hereketlendirijisine hem eýe bolup biler.

düýn 23:51
666

Mercedes-Benz ABŞ-da «dizel dawasyny» çözmek üçin 150 million dollar töleýär

Mercedes-Benz kompaniýasy dizel hereketlendirijileriniň zyýanly zyňyndylary baradaky maglumatlaryň galplaşdyrylmagy boýunça derňewi tamamlamak üçin ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen 149,6 million dollarlyk ylalaşyk baglaşdy...

düýn 23:47
614

Ford Escape krossoweriniň önümçiligini tamamlady

Ford kompaniýasy Louisville Assembly Plant zawodynda Escape krossoweriniň önümçiligini tamamlady. Modeliň iň soňky nusgasy konweýerden düşdi we zawodyň işgärleri awtoulagyň kuzowyna ýadygärlik gol çekdiler. Soňky awtoulag çykanyndan soňra, hünärmenler köne önümçilik liniýalaryny söküp başladylar: Luiswilldäki zawod döwrebaplaşdyrylar...

26.12.2025 22:20
8.1k+

Benzin bilen işleýän soňky Jaguar konweýerden çykdy

Jaguar sessiz-üýnsüz içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiligini tamamlady. Soňky krossower F-Pace Angliýanyň Solihall şäherindäki zawodda öndürildi. Bu barada model üçin hoşlaşyk çäresine gatnaşan markanyň muşdaklar klubunyň agzalary sosial ulgamlarda habar berdi...

26.12.2025 09:09
5.1k+

Huawei we GAC bilelikdäki Qijing brendiniň ilkinji täze modelini tanyşdyrdy

Huawei we GAC bilelikdäki Qijing brendiniň ilkinji awtoulagyny — L3 derejeli awtonom sürüş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan sport uniwersalyny (shooting-brake) tanyşdyrdylar. Model heniz kamuflýažyň (örtükli) astynda görkezildi...