Volkswagen sürüjisiz ulgamlaryň üstünde işlemek üçin aýratyn kompaniýa döretdi

  • 01.11.2019 05:40
  • 3.7k+

Volkswagen nemes awtoöndürijisi ähli konsern üçin sürüjisiz ulgamlary işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan aýrybaşgalaşan Volkswagen Autonomy kärhanasyny döretdi – Motor Page habar berýär.
Täze subbrendiň ştab-kwartirasy iki sany bolar, ikisem Germaniýada ýerleşdiriler: biri Mýunhende, beýlekisi Wolfsburgde. Indiki ýyl marka Kaliforniýanyň Kremniýewa jülgesinde-de ofis açmak isleýär, 2021-nji ýyla çenli dördünji kärhana Hytaýda dörediler. Kompaniýa awtonom tehnologiýalaryny, ilkinji nobatda, söwda modellerine girizmegi göz öňünde tutýar. Gürrüň sürüjisiz taksiler we ýükleri daşamak üçin niýetlenilen furgonlar barada gidýär. Volkswagen Autonomy-nyň ýolbaşçylary dördünji derejedäki sürüjisiz ulgamlarda ünsüni jemlemeli bolýar.
“Biz awtomobil gurluşygyndaky we tehnologiýalary işläp taýýarlamakdaky tejribelerimizi birleşdirip biler ýaly, Volkswagen Autonomy-ny global kompaniýa etmek isleýäris. Biz sürüjisiz awtomobilleriň bahasyny peseltmek üçin, toparlaryň bilelikdäki işlerinden peýdalanarys” – subbrendiň baştutany we ýolbaşçylar maslahatynyň agzasy Aleksandr Hitsinger habar berýär.

düýn 23:39
1.9k+

BMW "Üçlügiň" 50 ýyllygyny ýörite M340i bilen belleýär

BMW 3-nji seriýanyň 50 ýyllygy mynasybetli çäklendirilen nusgadaky M340i xDrive 50 Jahre Edition sedanyny hödürledi. Bu ýubileý nusgany geçen nesilleriň iň tanalýan reňklerini ýatladýan bäş sany özboluşly daşky reňkde hödürlenýär...

düýn 22:31
4.3k+

Toyota Land Cruiser-i pikaba we üç hatarly krossowere öwürmegi meýilleşdirýär

Geljek birnäçe ýylda Land Cruiser ady, öň bu meşhur ulag maşgalasy bilen baglanyşykly bolmadyk iki täze modelde peýda bolar. "Best Car Web" neşiriniň habaryna görä, Toyota öz hataryna pikaby we göteriji kuzowly (çarçuwasyz) üç hatarly krossoweri goşar...

düýn 22:03
1.6k+

Honda hereketlendirijisindäki näsazlyklar sebäpli 250 müňden gowrak Accord-y yzyna gaýtarýar

Honda, ABŞ-da 2025-nji ýyldaky modelleri hem öz içine almak bilen, jemi 256 müň 603 sany Accord gibrid sedanyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Yzyna çagyrmaklyga hereketlendirijiniň programma üpjünçiligindäki bökdençlikler sebäp boldy...

düýn 12:25
2.8k+

Täze 1139 at güýjüni berýän Cayenne “ähli döwrüň iň kuwwatly önümçilik Porsche-si” boldy

Porsche resmi taýdan Cayenne Electric awtoulagyny hödürledi. Kompaniýa ony markanyň iň kuwwatly önümçilik awtomobili diýip atlandyrýar. Awtoulagyň kuwwaty 1139 at güýjüne ýetýär, 60 milýa/sag (97 km/sag) çenli tizligi artdyrma 2,4 sekunt wagt alýar...