«Iýmit swetofory» ýa-da iýmitiň reňki biziň ony saýlamagymyza nähili täsir edýär

  • 31.10.2019 21:00
  • 2k+

Ýol hereketiniň düzgünlerine görä, ýaşyl yşyk “öňe hereket et” diýen manyny aňladýar. Iýmitde bolsa tersine: biziň beýnimizde ol ýa-da beýleki bir iýmiti biziň iýmelidigimizi çözýän düňderilen swetofor ýaly nähilidir bir zat bar. Eger-de gyzyl reňk özüne çekýän bolsa, ýaşyl reňk daşlaşdyrýar. Triýestdäki derňew geçirýän Halkara mekdebiň neýrofiziologlary şeýle netijä gelýärler. Bu barada «Neýronowosti» habar berýär.
Bu tejribä 68 adam gatnaşdy – 37 aýal we 31 erkek adam. Olar ýüzünde çig we taýýarlanan iýmitler (meselem, bananlar we spagettiler), emeli döredilen gurallar (çekiç we beýlekiler) we tebigy iýip bolmaýan predmetler (güller, agaçlar we ş.m) bolan 779 sany reňkli suraty bahalandyrdylar.
Alymlar görejiň iýmit saýlamakda uly rol oýnaýandygyny anykladylar. Adam beýleki süýdemdirijilere garanyňda, has gowy göreje eýe bolýar we aýratynam ýaşyl we gyzyl reňkleri gowy tapawutlandyrýar. Biz “reňkli kody” işe girizeris: önüm näçe gyzyl bolsa, onda şonça-da kaloriýa bar. Bu bolsa bize iýmitden gerek esasy zatlaryň biri, sebäbi köp kaloriýa köp energiýany aňladýar. Eger-de çig önümler bilen şeýle düzgün işleýän bolsa, onda taýýarlanylan iýmitler bilen nähili bolmaly?
Tejribä gatnaşyjylar “reňkli kod” boýunça taýýarlanylan önümleri hem bahalandyrdylar, ýöne onuň kaloriýasyny kesgitlemekdde reňk görkeziji bolup hyzmat etmeýär. Emma iýilmeýän obýektler bilen bu hereket etmeýär. Gatnaşyjylar iýilmeýän bolsa-da, gyzyl reňkli predmetleri saýlamadylar. Diýmek, “reňkli kod” iýmit höwesi bar bolan wagtynda işjeň eken.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......