Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada halkara zähmet kadalaryny maslahatlaşýar

  • 30.10.2019 05:58
  • 3.4k+

Halkara zähmet edarasynyň Administratiw geňeşiniň nobatdaky sessiýasynyň işine synçy hökmünde gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň (KAMM) başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada saparda bolýar. Häzirki wagtda Ženewada Halkara zähmet edarasynyň Administratiw geňeşiniň 337-nji mejlisi geçirilýär, onuň barşynda institusional häsiýetli, syýasatyň kemala getirilmegi bilen bagly meselelere, şeýle hem hukuk, maliýe we administratiw meselelerine seredilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Halkara zähmet maslahatynyň geljekki mejlisleriniň gün tertibiniň meseleleri, şeýle hem Halkara zähmet maslahatynyň şanly 108-nji mejlisiniň jemleri boýunça geljekki amala aşyrylmaly hereketler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temasy bolar.
HZG-nyň Zähmetkeşler bilen işlemek boýunça Edarasynyň (ACTRAV) çakylygy boýunça Ženewa gelen Türkmenistanyň wekiliýeti 2020-2021-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin saparynyň çäklerinde ACTRAV-yň Zähmetkeşleriň işi boýunça Edarasynyň Direktory bilen duşuşyk geçirdi.
Häzirki wagtda Edara [ACTRAV] görkezilen döwür üçin kärdeşler arkalaşyklary bilen işleriň meýilnamasyny, şeýle hem HZG-nyň 108-nji mejlisiniň kararlarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça zerur bolan hereketleri taýýarlaýar. Merkezi Aziýa sebiti HZG üçin aýratyn ugurlaryň biri bolup durýar we Türkmenistanyň wekiliýeti bilen hem 2020-2021-nji ýyllar üçin HZG-nyň we KAMM-nyň arasynda bilelikdäki okuw maksatnamalaryny we çärelerini işläp taýýarlamagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň çäklerinde şeýle hem HZG-nyň dürli bölümleriniň, şol sanda Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyklar meýilleşdirilendir.

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......