Türkmenistanyň Prezidenti noýabryň başynda Italiýa resmi saparyny amala aşyrar

  • 27.10.2019 10:54
  • 2.8k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparynyň çäklerinde Milan şäherinde 6-njy noýabrda işewürler maslahaty geçiriler. Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow bu çärelere görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Işewür duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sergisini guramak göz öňünde tutulýar.
Forumyň işine Italiýanyň Täjirçilik ministrliginiň Söwda boýunça agentliginiň ýolbaşçysynyň, Lombardiýa welaýatynyň prezidentiniň orunbasarynyň hem-de energetika, nebitgaz, himiýa, azyk hem-de dokma senagaty, gurluşyk we gurluşyk materiallary, oba hojalyk, maşyngurluşyk, ulag we logistika ulgamlarynda iş alyp barýan, önümçilik pudaklary üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary hem-de oba hojalyk tehnikasyny öndürýän kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Garaşylyşy ýaly, maslahata italýan kompaniýalarynyň 100-den gowragy gatnaşar, Türkmenistandan bu çärä ykdysadyýetiň eksport ugurly pudaklarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar guralar hem-de işewür gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky, şol sanda telekeçilik ugry boýunça resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......