«Röwşen» aýakgaplary Russiýa Federasiýasyna eksport edildi

  • 26.10.2019 23:12
  • 10k+

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Mary welaýat gümrükhanasynyň «Mary» gümrük postundan «Röwşen» haryt nyşanly 6671 jübüt aýakgap önümleri ilkinji gezek Russiýa Federasiýasyna eksport edildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.
Mary şäherinde ýerleşýän «Röwşen» hususy kärhanasynyň öndürýän aýakgaplary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtly müşderileridir we telekeçileri tarapyndan tanalyp isleg bildirilip başlandy.
«Mary» gümrük postunyň işgärleri soňky döwürde eksport edilýän harytlaryň möçberleriniň artýandygyny buýsanç bilen belleýärler. Eksport edilýän harytlaryň görnüşleri hem birsyhly artýar. Mysal hökmünde eýýäm birnäçe gezek Hytaý Halk Respublikasyna iberilen doňdurma önümlerini görkezmek bolar.
Ýerli önüm öndürijileriň işiniň Hormatly Prezidentimiz tarapyndan goldanmagy bilen, türkmen harytlary dünýä bazarlarynda öz mynasyp orunlaryna eýe bolýarlar.

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......