Türkmen kompaniýasy Toyota Motor korporasiýasy bilen dilerlik şertnamasyny baglaşyp biler

  • 21.10.2019 16:18
  • 9.9k+

Tokioda Türkmen – ýapon işewürler maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew elektrik tehnikalarynyň önümçiligi we ýapon awtomobilleriniň tehniki hyzmaty ýaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna ýapon işewürleriniň ünsüni çekdi. Bu barada Orient agentligi habar berýär.
Türkmenistanda ýörgünli bolan ýeňil awtomobil markalarynyň biri hem — ýaponlaryň Toyota markasydyr. Ýurduň awtobus parky hem bu öňdebaryjy korporasiýanyň ulaglary bilen yzygiderli doldurylýar. Hut şonuň üçin hem olaryň tehniki hyzmaty bilen bagly mesele ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, Dadaýew TSTS-niň agzalarynyň biri bolan — «Nurly gadam» kompaniýasynyň Toyota Motor korporasiýasy bilen gönüden-göni dilerlik şertnamasyny baglanyşyp, öz üstüne borçnamalary almaga taýýardygyny belledi. «Nurly gadam» kompaniýasynyň «BMW» awtomobillerine hyzmat etmekde baý tejribeli we hünär taýýarlykly işgärleri bar.
Şeýle hem TSTB-niň ýolbaşçysy Türkmenistanda ýapon hojalyk tehnikalaryny we elektrik enjamlaryny ýygnamak boýunça bilelikdäki kärhanany döretmek meselesine seredip geçmegi teklip etdi. Ol şeýle hem bu önümleriň diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem, sebitiň beýleki döwletleriniň bazarlaryna hem çykmak mümkinçiligine eýedir.
TSTB-niň ýolbaşçysy ýurtda Birleşmäniň howandarlygynda döredilen IT-parklaryň, mikrobiologiýa we fiziki-himiýa barlaghanalarynyň, Logistika assosiasiýasynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.
A.Dadaýew ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek bilen birlikde, syýahatçylyk ulgamynda hem hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi.

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......