Awtomobilleriň spidometrleri sürüjileri näme üçin aldaýar

  • 21.10.2019 15:28
  • 7.8k+

Awtomobiller boýunça neşiriň bilermenleri ähli awtoulaglaryň spidometrleriniň nädogry tizlik görkezmeginiň sebäbini anykladylar. Alnan netijä görä, tizlik babatda bu nädogry görkeziji öndüriji kompaniýalar tarapyndan ýörite goýberilýär. Bu barada Rambler habar berýär.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, awtomobil tizlik görkezijileriniň (spidometrleriň) ählisi döwlet standartlaryna we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň talaplaryna laýyk gelmeli. Döwlet standartlary spidometrleriň görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna ýol berýär we olaryň aşakladylmagyny düýbünden gadagan edýär. Bu hukuk beýanatynyň awtorlary beýle etmek bilen sürüjileriň we olaryň ýolagçylarynyň howpsuzlygyny gorap saklamaklygy maksat edinendiklerini tassyklaýarlar.
Awtomobil öndüriji kompaniýalaryň nygtamagyna görä, spidometrleriň görkezijilerinde elmydama az-owlak köpeldip aýtmak bar. Bu şol sanda awtomobiliň tehniki aýratynlyklary üçin hem bolup biler. Hususan-da, spidometr transmissiýanyň walyndan maglumat alýar. Walyň tizligi bolsa, tekerleriň aýlanma tizligine gönüden-göni gatnaşykdadyr. Bilermenleriň bellemegine görä, görkezijilerdäki nädogrulyk şinalardaky pes ýa-da ýokary basyşy, motorlaryň we geçiriji koropkalaryň gurluşynyň aratapawudyny nazara alýar.
Şol bir wagtda bilermenleriň nygtamagyna görä, spidometr awtomobil belli bir tizlige ýetenden soň artdyryp görkezip başlaýar. Mysal üçin, 60 km/sag tizlikde spidometr dogry tizligi görkezer, 110 km/sag-da bolsa, aratapawut 10 km/sag töweregi bolup biler.

düýn 22:20
2.5k+

Benzin bilen işleýän soňky Jaguar konweýerden çykdy

Jaguar sessiz-üýnsüz içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtomobilleriň önümçiligini tamamlady. Soňky krossower F-Pace Angliýanyň Solihall şäherindäki zawodda öndürildi. Bu barada model üçin hoşlaşyk çäresine gatnaşan markanyň muşdaklar klubunyň agzalary sosial ulgamlarda habar berdi...

düýn 09:09
3.5k+

Huawei we GAC bilelikdäki Qijing brendiniň ilkinji täze modelini tanyşdyrdy

Huawei we GAC bilelikdäki Qijing brendiniň ilkinji awtoulagyny — L3 derejeli awtonom sürüş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan sport uniwersalyny (shooting-brake) tanyşdyrdylar. Model heniz kamuflýažyň (örtükli) astynda görkezildi...

25.12.2025 13:20
2.9k+

Afeela PlayStation oýunlaryny goldaýan dünýäde ilkinji awtoulag bolar

Sony kompaniýasy bazara PS Remote Play funksiýasyny (uzakdan oýnamak mümkinçiligi) goldaýan ilkinji awtoulagyň çykjakdygyny yglan etdi. Gürrüň birnäçe ýyl mundan ozal Sony we Honda tarapyndan döredilen Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasynyň önümi bolan Afeela elektrokary barada gidýär...

24.12.2025 12:59
2.2k+

Lancia ralli ýaryşyna gaýdyp gelmeginiň hormatyna çäkli nusgada sagat çykardy

Lancia kompaniýasy brendiniň Dünýäniň ralli çempionatyna (WRC) gaýdyp gelmegi mynasybetli Eberhard & Co sagat öýi bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan çäkli nusgadaky goşar sagadyny tanyşdyrdy. Jemi 360 sany nusgada öndüriljek bu sagatlaryň her biriniň bahasy 1980 ýewro bolar...