Visa, MasterCard, Stripe we EBay «Libra» kriptowalýutasyny döretmek boýunça taslamadan çykdylar

  • 12.10.2019 22:33
  • 6k+

Visa, MasterCard, Stripe we EBay kompaniýalary «Facebook-yň» hususy Libra Association kriptowalýutasyny döretmek taslamasyndan çykdy, diýip Trend agentligi habar berýär.
Librany esaslandyryjylaryň biri bolan Dewid Markusyň aýtmagyna görä, kriptowalýutanyň ykbaly barada gürrüň etmek üçin heniz ir. «Biz olaryň Libra babatda anyk aýdyňlyk gazanylýança garaşmak barada çözgütlerine hormat goýýarys» diýip ol belledi.
Visa-da habar berişleri ýaly, kompaniýa taslamany mundan beýläk bahalandyrmak taslamasy bilen meşgullanar we ahyrky kararyny birnäçe faktorlara esaslanyp berer. Şol sanda Libra Association-yň regulýatorlaryň zerur bolan ähli talaplaryna laýyklyk faktoryny öz içine alar.
Stripe kompaniýasynyň wekiliniň bellemegine görä, kompaniýa onlaýn söwdany tutuş dünýä üçin has elýeterli etmegi maksat edinýän taslamalary goldaýandygyny belledi hem-de Stripe-yň Libra bilen işleşmäge has soňrakky tapgyrlarda goşuljakdygyny aýtdy.
Mundan öň PayPal töleg ulgamy Facebook-yň Libra kriptowalýutasyny döretmek boýunça taslamasyndan çykýandygyny yglan edipdi.
Libra — bu Facebook-yň ýolbaşçylygynda şweýsar gaznasy we kompaniýalaryň konsorsiumy tarapyndan işlenip düzülýän we dolandyrylýan kriptowalýuta. Libra kriptowalýutasynyň global derejede 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde çykmagyna garaşylýar. 2019-njy ýylyň ahyrynda bolsa, synag işleri başlanar.
Kriptowalýuta — sanly walýutanyň bir görnüşi bolup, ony döretmek üç dolandyrmak prosesi kriptografiki usullara esaslanýar.

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......