Türkiýede ak we çal reňkdäki awtoulaglara bolan isleg artýar

  • 08.10.2019 18:46
  • 7.5k+

2019-njy ýylyň awgustynda Türkiýäniň raýatlary ak we çal reňkli awtoulaglara has köp isleg bildiripdirler. Bu barada Trend agentligi Türkiýäniň statistika institutyna salgylanyp habar berýär.
Maglumatda bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylyň awgustynda Türkiýäniň köçelerindäki hereket edýän awtomobilleriň 53,8 % ak reňde bolupdyr.
«23,89 % awtomobiller – çal reňkde, 6,9% - gara, 5,6% - gyzyl, 4,9% - mawy, 2,8% - sary, 2,11% - beýleki reňkler» diýlip Türkiýäniň statistika institutynyň habarynda bellenilýär.
Belläp geçsek, 2019-njy ýylyň awgust aýynyň jemleri boýunça Türkiýede ulanylýan ulag serişdeleriniň sany 2018-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 42,2% azalyp, 23,113 milliona deň bolupdyr.
Hasabat döwründe ýeňil awtoulaglaryň paýy 54,1%, furgonlar we ýük ulaglary – 16,4%, motosikller – 14,3%, traktorlar – 8,2%. Beýleki ulaglar bolsa 7% düzüpdir.
Habar berlişi ýaly, ulanylýan awtoulag serişdeleriniň 13,5 %-i Renault, 6,5 %-i - Fiat, 15,6 %-i - Volkswagen, 5 %-i - Peugeot, 5,3 %-i – Honda kompaniýalarynyň önümleri bolupdyr. Galan 54,1% beýleki awtoulag markalarynyň paýyna düşüpdir.

düýn 23:39
1.9k+

BMW "Üçlügiň" 50 ýyllygyny ýörite M340i bilen belleýär

BMW 3-nji seriýanyň 50 ýyllygy mynasybetli çäklendirilen nusgadaky M340i xDrive 50 Jahre Edition sedanyny hödürledi. Bu ýubileý nusgany geçen nesilleriň iň tanalýan reňklerini ýatladýan bäş sany özboluşly daşky reňkde hödürlenýär...

düýn 22:31
4.3k+

Toyota Land Cruiser-i pikaba we üç hatarly krossowere öwürmegi meýilleşdirýär

Geljek birnäçe ýylda Land Cruiser ady, öň bu meşhur ulag maşgalasy bilen baglanyşykly bolmadyk iki täze modelde peýda bolar. "Best Car Web" neşiriniň habaryna görä, Toyota öz hataryna pikaby we göteriji kuzowly (çarçuwasyz) üç hatarly krossoweri goşar...

düýn 22:03
1.6k+

Honda hereketlendirijisindäki näsazlyklar sebäpli 250 müňden gowrak Accord-y yzyna gaýtarýar

Honda, ABŞ-da 2025-nji ýyldaky modelleri hem öz içine almak bilen, jemi 256 müň 603 sany Accord gibrid sedanyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Yzyna çagyrmaklyga hereketlendirijiniň programma üpjünçiligindäki bökdençlikler sebäp boldy...

düýn 12:25
2.8k+

Täze 1139 at güýjüni berýän Cayenne “ähli döwrüň iň kuwwatly önümçilik Porsche-si” boldy

Porsche resmi taýdan Cayenne Electric awtoulagyny hödürledi. Kompaniýa ony markanyň iň kuwwatly önümçilik awtomobili diýip atlandyrýar. Awtoulagyň kuwwaty 1139 at güýjüne ýetýär, 60 milýa/sag (97 km/sag) çenli tizligi artdyrma 2,4 sekunt wagt alýar...