Horlanmak üçin uklamazdan öň içmeli 6 sany içgi

  • 29.09.2019 11:25
  • 15k+

Ukynyň bozulmagy (hatda ukynyň doly alynmazlygy hem) bedeniň agramynyň artmagyna, gormonal gyşyklyga, tutuş günüň dowamynda açlyk duýgusynyň bolmagyna, şeýle hem süýji keseli hem-de gandaky insult bilen bagly meselelere getirip bilýär. Hut şonuň üçin hem ukynyň kadaly bolmagyna gözegçilik etmek hökmanydyr. Bu bolsa uklamazdan öň näme içjekdigiňize baglydyr. Düzüminde kofein we şeker saklaýan kofe ýa-da gazly suwuň uklamaga päsgelçilik berýändigini siz eýýäm bilýän bolsaňyz gerek. Muňa garamazdan, myşsalary güýçlendirmäge, ganda süýjüligiň derejesini kadalaşdyrmaga we artykmaç agramdan dynmaga kömek edýän içgiler hem bar.
Şeýlelikde, uklamazdan öň içmek peýdaly bolan 6 sany içgi şulardan ybarat:
1. Süýt. Düzüminde triptofan we kalsiç saklaýanlygy üçin bir bulgur süýt (gyzgyn ýa-da sowuk) berk hem sagdyn uklamaga ýardam eder. Galyberse-de, süýdüň düzüminde myşsalary berkidýän we olaryň ösmegine ýardam edýän belok saklanýar.
2. Üzüm şiresi. Üzüm şiresiniň bir bulgury diňe bir kadaly uklamaga däl, eýsem, horlanmaga hem ýardam eder. Netijede, 2015-nji ýylda geçirilen International Journal of Obesity žurnalynda neşir edilen barlaglar resweratrolyň — üzümiň düzüminde saklanýan antioksidantyň ak ýagyň kaloriýalylygyny has tiz özleşýän ýagyň kaloriýalylygyna öwürýändigini ýüze çykardy.
3. Çopantelpekli çaý. Çopatelpekli çaýyň bir käsesi bedendäki glisiniň derejesini ýokarlandyrýar. Glisin — nerwleri köşeşdirýän neýrotransmitter. Şeýle hem çopantelpek bedeniň temperaturasyny ýokarlandyrýar, netijede bolsa siziň organizmiňiz sowamaly bolýar. Bu bolsa tiz uklamaga ýardam edýär. Mundan başga-da, çopantelpek süýjiniň derejesini kadalaşdyrýar we artykmaç agramy aýyrmaga ýardam edýär.
4. Kefir. Probiotiklere baý bolan keffir içegeleriňizde iýmitiň özleşmegini gowulandyrýan sagdyn bakteriýalaryň sanyny artdyrmak bilen oňa oňaýly täsir edýär. Şeýle hem ol witaminleri we minerallary has netijeli kabul etmäge ýardam edýär. Mundan başga-da, British Journal of Sports Medicine neşirinde çap edilen barlaglaryň görkezmegine görä, kefir ukyny kadalaşdyrýar we türgenleşiklere oňaýly täsir edýär.
5. Soýaly proteinli kokteýl. Süýt ýa-da belokly poroşok görnüşindäki soýa triptofan diýen aminokislotalara baýdyr. Birmingem uniwersitetinde geçirilen barlaglara görä, bu aminokislota ukynyň hilini kadalaşdyrýar, şeýle hem kortizolyň derejesini pese düşürýär. Bu bolsa artykmaç agrama garşy göreşmäge mümkinçilik berýär.
6. Suw. Birinjiden, suw ukuda wagtyň dikeldiji täsir edýär. Ikinjiden, eger adam ýatmazdan öň suw içse, ertesi gün ukusyzlyk duýgusyny az duýýar.

düýn 14:46
3.2k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

16.05.2026 18:05
5.7k+

Allergolog: çybynyň çakmagyna eşigiň reňki-de sebäp bolup bilýär

Çybynlar özüne pida saýlanlarynda birnäçe biologik aýratynlyklara seredýärler. Bu mör-möjekleri adamlaryň gan topary, beden gyzgynlygy, çykarýan kömürturşy gazy we hatda geýen geýminiň reňki hem özüne çekip......

14.05.2026 16:32
1.8k+

Alymlar düwnüge garşy göreşde immun reaksiýasyny ýokarlandyrmagyň usulyny tapdylar

Hytaýly, ýewropaly we kanadaly halkara alymlar topary ýönekeý organiki birleşmäniň — sitrakon kislotasynyň — immun öýjükleriniň işjeňligini dikeldip we olaryň rak keseline garşy göreşijilik ukybyny......

13.05.2026 23:49
1.3k+

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....