«Kasperskiýniň» täze önümi oýun wagtynda aldawçylygy ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär

  • 21.09.2019 05:25
  • 3.6k+

«Kasperskiýniň Laboratoriýasy» kibersportda täze ugra gadam basdy. Kompaniýa «Kaspersky Anti-Cheat» programmasyny hödürledi. Bu programma kibersport ýaryşlaryny gurnaýjylara we onlaýn-oýunlary döredijilere çiterlik (aldawçylyk, kod ulanmaklyk) bilen göreşmeklerine ýardam eder, diýip Trend agentligi kompaniýa salgylanyp habar berýär.
Bulut tehnologiýalarynyň esasynda işlenip düzülen täze programma dowam edýän wagtyň özünde oýnuň barşynda ýol berlen aldawçylygy kesgitlemäge, şeýle hem ýaryşyň eminlerine çiterlikde ýüze çykarylan ýagdaýlar barada awtomatik ýagdaýda habarnama ugratmaga kömek edýär. Täze tapyndynyň prezentasiýasy «The StarLadder Berlin Major 2019» kibersport ýaryşynda boldy.
Geýmerler köplenç ýagdaýda oýun wagtynda garşydaşlarynyň çit-kodlaryny ulanyp kezzaplyk edýändigine gabat gelýärler. Mysal üçin, Irdeto kompaniýasynyň geçen ýyl geçiren barlagynyň görkezişi ýaly, geýmerleriň diňe 12%-i onlaýn oýunlaryň dowamynda garşydaşlary tarapyndan çit kodlaryň ulanylyp artykmaçlyk gazanylan ýagdaýyna duş gelmändiklerini bellediler, her üçünji geýmer bolsa özüniň çiterlik edýändigini boýun aldy. Bu hili ýagdaýda düzgünleriň bozulmagy professional oýunçylaryň ýaryşlardan daşlaşmagyna getirýär, ol ýaryşlaryň, oňa gatnaşyjylaryň abraýyna şek ýetirýär, oňa gatnaşyjylaryň sanynyň azalmagyna getirýär. «Kasperskiýniň» täze programmasy bu howplary azaldýar.
«Kaspersky Anti-Cheat» API-niň üsti bilen islendik kibersport platforma ýeňil ornaşdyrylýar. Ýaryş başlamazdan öň programma her bir gatnaşyjynyň kompýuterine goýulýar. Oýun başlan badyna Kaspersky Anti-Cheat onda bolup geçýän ähli hadysalar hakynda maglumat toplap başlaýar we şübhe döredýän maglumatlary seljermek üçin bulut tehnologiýasyna iberýär. Öz gezeginde, ýaryşyň emini şol wagtyň özünde web-interfeýs hasabatlaryň üsti bilen aldawçylygy anyklap bilýär. Şeýlelikde, Kaspersky Anti-Cheat oýnuň dowamynda kod ulanylandygyny tehniki taýdan subut edip berýär, şol bir wagtda hem oýun prosesine asla hiç hili täsir etmän, soňky çözgüdi eminiň garamagyna goýýar.
Galyberse-de, «Kasperskiýniň» täze önümi oýun prosesine asla täsir etmän, trafige hem agram salmaýar.

04.12.2025 13:39
6.1k+

Hytaýly alymlar howadan suw alýan “awtobus duralgasyny” döretdiler

Szýaotun Şanhaý uniwersitetiniň alymlary agyz suwuny gönüden-göni atmosfera howasyndan almaga mümkinçilik berýän tehnologiýany döretdi. Bu barada China Daily habar berýär. Bu tehnologiýa kondensasiýa, çyglylygy siňdirmek we ýylylyk nasosy ýaly usullary ulanýar...

27.11.2025 10:26
1.5k+

Alymlar ilkinji gezek biologik materiallar bolmazdan emeli beýni dokumasyny döretdi

Riwersaýddaky Kaliforniýa uniwersitetiniň bioinženerleri beýni dokumasyna meňzeş doly emeli dokumanyň döredilendigini habar berdi. Alymlara ilkinji gezek şeýle materialy hakyky biologik maddalary ulanmazdan döretmek başartdy...

11.11.2025 15:19
3.9k+

Kembrijde CO₂-ni peýdaly çig mala öwürýän “emeli ýaprak” döretdiler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesiniň täsiri astynda kömürturşy gazyny (CO₂) we suwy peýdaly himiki maddalara öwrüp bilýän ýarym sintetik “emeli ýapragy” döredendiklerini habar berdiler. Bu enjam tebigy fotosinteziň iş prinsipini gaýtalaýar we zäherli katalizatorlary ulanmaýar, şonuň bilen hem ekologiýa taýdan arassa hasaplanýar diýip, SciTechDaily ýazýar...

10.11.2025 13:10
5.6k+

Günorta koreýaly alymlar robotlar üçin çeýe we örän güýçli emeli myşsa döretdiler

Ulsandaky Milli Ylym we Tehnologiýa Institutynyň  (UNIST) alymlary robotlar üçin täze görnüşli emeli myşsa taýýarladylar. Bu material ynsan we haýwan myşsalaryndaky ýaly çeýeligi we berkligi özünde jemleýär. Hasaplamalara görä, eger adam şeýle myşsalara eýe bolsady, ol bir eli bilen pil saklap biljekdi...