Iň girdejili biznes ideýalarynyň 6-lygy

  • 14.09.2019 11:09
  • 17k+

Bu günki gün üstünlik gazanan telekeçileriň aglabasy öz işewürlik ýoluny noldan başlapdyr. Gyzykly ideýa we ony dogry durmuşa geçirmeklik şol adamlary millioner derejesine getiripdir.
Biz size bu ugurdaky oňyn tejribeler dogrusynda gürrüň bermegi makul bildik. Belki-de bu tejribeler bilen tanyşlyk, sizde üstünlik gazanyp biljek öz biznes-ideýaňyzyň döremegine getirer. Biznes ideýalarynyň bäşisi Amerikada oýlanyp tapylypdyr. Bu ýerde ägirt uly tehniki ösüşiň bardygyna garamazdan, hatda zibilleri hem pullara öwürmegi başarmaly.

1. Ýewropada ýaşaýan Mişel Ferreronyň maşgalasynyň ýagdaýy 10 milliard dollar möçberinde hasaplanylýar. Bu baýlyk üstünlik getiren bir ideýanyň netijesidir. Olaryň telekeçilik işi şokolad bilen bagly. Mişel şokolad ýaly önümiň diňe gündiz däl-de, ertirlik naharynda hem oňat gitjekdigi hakynda oýlanypdyr. Şokolad günüň başyndan adamlara şatlyk paýlar we güýç gaýrat berer. Ýöne şokoladyň özüni iýmäge derek, ol ony kämilleşdirip, şokolad ýagyna öwrüpdir. Netijede ony çöregiň ýüzüne çalyp iýäýmeli.
Bu günki gün Mişeliň kompaniýasy Ýewropada iri şokolad öndüriji kompaniýa öwrülipdir. Ol Aziýada hem satuwyny giňeldýär. Mişele we maşgalasyna degişli bolan söwda belgileri — Nutella, Ferrero rocher, Kinder Eggs we Tic Tac.
2. Bred Hýuz oňat ideýa tapypdyr. Ol uly ýoluň boýunda awtomatlaşdyrylan goş goýulýan gutulary ornaşdyrypdyr. Onuň bu ideýasy ýola düşenden soňra, ol 5 milliard dollar gazanypdyr. Bu günki gün Brediň kompaniýasy predmetleri saklap bermek boýunça hyzmatlary bermekde Amerikada öňdebaryjy orny eýeleýär. Public Storage holdingine 2 müňden gowram şahamça degişlidir. Öz işini başlanynda ol gozgalmaýan emläkler boýunça hünärmen wezipesinde eken. Hut şol wagt Bred adamlaryň uzak aralyklara göçenlerinde öz goşlaryny goýmak üçin ýeriň ýokdugyny, olaryň artykmaç ýük hökmünde oňaýsyzlyk döredýändigini nazara alypdyr.
3. Ralf Laureniň ýagdaýy häzirki wagtda 5 milliard dollar möçberindedir. Ol adaty köýnek bilen bagly genial ideýa tapypdyr. Ol adaty köýnege atyň şekili bolan suraty ýelmäpdir we ony 50 dollar diýip bahaladypdyr.
Ralf ýaşlykda magazinde işe başlap biznes-mekdebe okuwa giripdir. Soňra Beau Brummel firmasyna işe girip, galstuklaryň özboluşly nusgalaryny döredipdir. Soňra ol 50 müň dollarlyk kredit alyp, öz işini başlapdyr. Onuň Polo haryt nyşany dünýä bellidir. 1994-nji ýylda ýylda Ralf öz kompaniýasynyň 30 göterim aksiýasyny 140 million dollara satýar.
4. Jef Bezos öz telekeçilik işini internet arkaly kitap satmak arkaly gurnapdyr. Şeýdip ol alyjylaryň wagtyny tygşytlapdyr. Olara magazinlere aýlanyp gerek kitaby gözläp ýörmek zerurlygy aradan aýrylypdyr. Bu biznes ideýasy Bezosa 4,5 millard dollar getiripdir. Bu günki gün Amazon.com iň iri internet magazinidir. 
5. Taý Uorneriň ýagdaýy 4,5 milliard dollar. Ol ýumşak oýnawaçlary öndürmegi karar edýär. Her bir nusganyň öz ady bar we olar çäkli nusgada öndürilýär. Binni söwda belgisiniň eýesi adaty maşgalada önüp-ösýär. Ýumşak oýnawaçlary öndürmek kararyna gelip, ol kolleji hem tamamlamandyr. Şeýdip 1986-njy ýylda ilkinji Binni oýnawaçlary peýda bolupdyr.
Ýöne Uorner munuň bilen çäklenmändir. Ähli girdejileri ol ikinji biznesine — myhmanhanalaryň gurluşygyna goýupdyr. Nýu-Ýorkuň iň gymmat myhmanhanasy bolan “Four Seasons-da” bir gijäni geçirmek üçin 30 müň dollardan başlap tölemeli.
6. Ditrih Mateşis we Kaleo Ýuwidiha öz telekeçilik işini söwdada gurnapdyrlar. Olaryň önümi — alkogolsyz içgiler bolupdyr. Olar energetiki içginiň adaty bolmadyk reseptini oýlap tapypdyrlar. Onuň düzümine şeker-kofein we B witamin giripdir. Bu içgi ýaşlaryň arasynda, türgenlerde, hatda alkogolly içgi içýänlerde hem meşhurlyk gazanypdyr. Bu içginiň ady Red Bull. Bu önümden alnan girdeji 3 milliard dollardyr.

düýn 16:32
5.4k+

Erik Tramp American Bitcoin-iň paýnamalarynyň ösmegi netijesinde milliarder boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ogly, telekeçi we haýyr-sahawatçy Erik Tramp milliarder boldy. Bu American Bitcoin kriptowalýuta kompaniýasy NASDAQ biržasyna çykandan soň bolup geçdi diýip, Forbes habar berýär...

02.09.2025 15:43
3.6k+

Samsung diňe Wýetnamyň özünde 2 milliarddan gowrak smartfon öndürdi

Samsung kompaniýasy Wýetnamda möhüm sepgide ýetdi: 2009-njy ýylyň aprelinde bu ýurtda zawodlar işe girizileni bäri günorta koreý kompaniýasy bu ýerde 2 milliarddan gowrak smartfon çykardy diýip, ýerli VietnamPlus neşiri habar berýär...

01.09.2025 16:52
5.1k+

Apple we Samsung kemsidiji mahabatlary üçin Xiaomi-ni kazyýete bermek isleýär

Apple we Samsung Hytaýyň Xiaomi kompaniýasyna nägilelik bilen ýüz tutdy. Olar Hindistanda brendleriň önümlerini Xiaomi-niň gurluşlary bilen gönüden-göni deňeşdirýän mahabat kampaniýasyny bes etmegi talap etdi. Xiaomi-niň mahabat kampaniýasy tutuş ýurt boýunça hem çap, hem sanly medialary gurşap aldy...

01.09.2025 14:18
3.9k+

TikTok-yň eýesi ByteDance girdeji boýunça dünýäde iň uly sosial ulgam boldy

Meşhur TikTok programmasynyň eýesi bolan ByteDance kompaniýasy işgärlerden paýnamalary yzyna satyn almagyň täze tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyr kompaniýanynyň bahasynyň 330 mlrd dollardan gowrak bolmagyna getirer, bu bolsa öňki 315 mlrd dollar bahadan ýokarydyr diýip, Reuters habar berýär...