Türkmen akkumulýatorlaryny daşary bazarlara eksport etmek meýilleşdirilýär

  • 04.09.2019 23:16
  • 6.3k+

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat himiýa zawodynyň binýadynda hereket edýän «Gökçi» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri ýeňil we ýük awtomobilleri üçin akkumulýatorlaryň tapgyrlaýyn önümçiligini ýola goýdular. Eýýäm 3 ýyl bäri telekeçiler ýurdumyzda ilkinji bolup importuň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi boýunça taslamany durmuşa geçirmäge girişdiler. Ýaponiýada we Germaniýada öndürilen ugurdaş enjamlary satyn aldylar, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Ýokary hili we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan Türkmenabatyň akkumulýatorlary ýurdumyzyň ähli sebitlerinde satylýar. Zawod hususy önümçiligi zerur bolan çig mal düzümi bilen edýär. 80 sany hünärmen zähmet çekýän «Gökçi» HJ her günde 350-ä çenli awtomobil akkumulýatorlaryny öndürýär. Häzirki wagtda türkmen akkumulýatorlaryna Germaniýanyň we Owganystanyň işewürleri gyzyklanma bildirýärler. Häzir önümleri eksport etmegiň meseleleri öwrenilýär.
Şeýle hem himiýa zawodynyň binýadynda «Ussat ýardamçy» HJ hereket edýär. Ol importuň ornuny tutýan ýene-de bir önümi — agyz suwuny arassalamak we zyýansyzlandyrmak üçin niýetlenen koagulýantlary öndürmeklige ýöriteleşendir. Telekeçiler bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde Türkmenabadyň himikleri diňe bir Türkmenistanyň içerki zerurlyklaryny däl (ýylda 10 müň tonna), eýsem, daşarky bazarlara hem eksport etmegiň meýilleşdirýärler. Çünki zawodyň çig mal we tehniki binýady her ýylda 15 müň tonna kaogulýant öndürmäge mümkinçilik berýär.

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......