Eýranda türkmen harytlarynyň sergisi geçirilýär

  • 26.08.2019 22:10
  • 4.1k+

25-27-nji awgust aralygynda türkmen wekiliýeti ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde geçirilýän Ahal welaýatynda öndürilen harytlaryň sergisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.
Sergä Eýranyň we Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy sektorlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, ýerli kompaniýalar we ýurduň ýaşaýjylary gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary serginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynyň dowamynda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtap, iki ýurduň hususy sektorlarynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem, senagat, metallurgiýa we oba hojalyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň we Eýranyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine oňyn täsir edýändigi belläp geçdi.
Şeýle-de, türkmen wekiliýetiniň Eýrana bolan saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasarynyň Horasan-Rezawi we Demirgazyk Horasan welaýatlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi.

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......