Gurban Berdiýew Mary welaýatynda futbol jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy

  • 23.08.2019 23:16
  • 11k+

Türkmenistanyň we Russiýanyň meşhur tälimçisi Gurban Berdiýew Mary welaýatynda iş saparynda boldy. Bu barada Turkmenportal habar berýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Kazanyň «Rubininiň» ozalky baş tälimçisi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolup görüp, futbolyň ösdürilişi bilen tanyşmakçy.
Tälimçiniň Mary welaýatyna saparyna sebitiň sport jemgyýetçiligi we janköýerler tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi. Duşuşyga ýygnananlaryň arasynda tälimçiniň Rejepmyrat Agabaýew, Merdan Nursähedow, Rahmanguly Baýlyýew ýaly köp sanly şägirtleri hem bar.
Duşuşygyň dowamynda Gurban Berdiýew «Rubinde» işlän ýyllaryndaky tejribesi we oýny kämilleşdirmek, toparyň mümkinçiliklerini artdyrmak barada gyzykly gürrüňleri hem-de maslahatlary berdi.
Günüň ikinji ýarymynda tälimçi «Bagtyýarlyk» hem-de «Energetik» stadionlarynda şäheriň sport mekdeplerinde tälim alýan çagalaryň türgenleşiklerine, ondan soňra bolsa Ýokary liganyň çägindäki «Merw» ― «Köpetdag» duşuşygyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Tälimçiniň ýurdumyzyň welaýatlaryna sapary Lebap welaýaty bilen dowam eder.

düýn 20:53
6.9k+

Braziliýada futbol emini bir oýunda 23 sany gyzyl kart görkezdi

Braziliýanyň «Atletiko Mineýro» we «Kruzeýro» klublarynyň futbolçylary bir oýnuň dowamynda jemi 23 sany gyzyl kartoçka aldylar. «Globo» neşiriniň habar bermegine görä, bu waka Mineýro ştatynyň çempionatynyň final duşuşygynyň ahyrynda ýüze çykan köpçülikleýin dawa-jenjel sebäpli boldy...

düýn 15:36
10k+

Mbappe sürüjilik şahadatnamasyny aldy we özüne BMW iX3 edindi

«Real Madridiň» hüjümçisi Kilian Mbappe 27 ýaşynda Madridde sürüjilik şahadatnamasyny aldy. Ol özüniň ilkinji ulagy hökmünde awtomat korobkaly doly elektrikleşdirilen «BMW iX3» modelini saýlady. BMW kompaniýasy Madrid klubunyň hyzmatdaşy bolsa-da, toparyň beýleki oýunçylarynyň arasynda bu modeli Mbappeden başga saýlan ýok...

düýn 11:48
5.2k+

BBC-iň sanawyna görä braziliýaly Ronaldo XXI asyryň iň gowy hüjümçisi diýlip yglan edildi

Britaniýanyň meşhur BBC agentligi XXI asyryň iň gowy hüjümçileriniň sanawyny taýýarlady. Onuň iň ýokary basgançagyny «towşandiş» lakamy bilen tanalýan braziliýaly Ronaldo eýeledi. Gyzykly tarapy, bu sanawa Kriştiano Ronaldu we Lionel Messi girizilmedi...

08.03.2026 22:03
5k+

«Inter Maýaminiň» eýesi: Messi klubda ýylda 80 million dollara çenli gazanýar

Dünýä belli argentinaly hüjümçi Lionel Messi «Inter Maýami» amerikan futbol klubunda ýylda 70 milliondan 80 million dollara çenli alýar. Bu barada klubuň eýelerinden biri bolan Horhe Mas Bloomberg agentligine beren interwýusynda mälim etdi...