«КамАЗ» Türkmenistana 2000 sany ýük awtoulagyny getirer

  • 16.08.2019 23:15
  • 8.8k+

Ýük awtoulagyny öndüriji «КамАЗ» kompaniýasy 3 ýylyň içinde Türkmenistana dürli modifikasiýaly 2000 sany awtoulag tehnikalaryny getirer. Bu barada sng.today «КамАЗ-yň» metbugat merkezine salgylanyp habar berýär.
Habarda bellenilmegine görä, şolardan 800-den gowrak awtomobil eýýäm şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenistana getiriler.
Mundan başga-da, kompaniýa Türkmenistanyň dürli ýerlerinde «КамАЗ-yň» 4 sany okuw-hyzmat merkezini açmagy meýilleşdirýär. Bu merkezler 2008-nji ýyldan bäri ýurdumyzda hereket edip gelýär.
Ýatlap geçsek, Türkmenistan Russiýanyň öňdebaryjy ýük maşyngurluşyk kompaniýasynyň iri hem durnukly satyn alyjysy bolup durýar. 2008-2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistana «КамАЗ-yň» awtomobilleriniň we ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň 9000-den gowragy satyn alyndy. Bu ýük awtoulaglary we tehnikalar ýerli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda giňden peýdalanylýar.
Bu kysymly ýük awtoulaglaryna bolan ýokary islegi nazara alyp, 2008-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda «КамАЗ-yň» okuw-hyzmat merkezi açyldy. Awtotehnikalaryny getirip bermek we oňa doly derejede tehniki hyzmaty, şol sanda diagnostikany we düýpli abatlaýşy geçirmek bilen bir hatarda merkezde türkmen hünärmenlerini taýýarlamaklyk gurnaldy.
Türkmenistanda «КамАЗ» dilerlik tory döredildi, ol Aşgabatda, Balkanabatda, Maryda we Türkmenabatda hereket edýär.

düýn 14:39
1.9k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

13.04.2026 23:42
2.7k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......

11.04.2026 14:35
2.1k+

Sony Pictures anime we oýunlara maýa goýmak üçin ýüzlerçe işgärini işden çykarar

Sony Pictures Entertainment kompaniýasy telewideniýe, kino we korporatiw bölümlerinden ýüzlerçe işgäri işden çykarmagy meýilleşdirýär diýip, «Variety» neşiri baş direktor Rawi Ahujanyň hatyna salgylanyp habar......

09.04.2026 14:41
4.5k+

NYT-nyň derňewi: bitkoini döreden - kriptograf Adam Bek

Satoşi Nakamoto lakamyny ulanyp, özüniň hakyky adyny tanytman gelýän, bitkoiniň döredijisi diýlip hasaplanýan adam meşhur britan kriptografy we Blockstream kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Adam Bekdir......