Puşman etmedik duşman

  • 28.07.2019 14:36
  • 29k+

Geçen ýekşenbe güni Internetde ýaýradylan şum habar her bir türkmenistanlynyň kalbyny lerzana getirdi. Dünýäniň islendik milletinde hem kimdir biriniň aradan çykandygy hakynda habary ýaýratmak gelşiksiz hasaplanylýar. Medeniýetleriň ählisinde hem bu tema gadagan edilýär. Galyberse-de, ýalan maglumatyň kim tarapyndan ýaýradylýandygynyň üsti açylandan soňra ähli zat öz ýerine dolandy. Bu barada gundogar-news saýty şeýle belleýär.
Görlüp oturylsa, Internete ilki bolup bu ýalan habary Türkmenistanyň öňki ýaşaýjysy — häzirki wagtda bolsa, Şwesiýada ýaşaýan Akmuhammet Welsaparow ýaýradypdyr. Häzirki wagtda Watanymyzda ol hakynda ýatlanylmaýar. Ýöne geçen asyryň 80-nji ýyllaryň ahyrynda 90-njy ýyllarda ol hereket edýän hökümete garşy çykyş edýän hökmünde bellidi.
Ýalan habaryň puja çykarylmagy, her bir türkmenistanlynyň kalbyny rahatlandyrdy. Şol bir wagtda hem ol habary ýaýradyjylara bolan ýigrenç duýgusyny artdyrdy. Şeýle adamlaryň biriniň gürrüňini size ýetirýäris:
— Adamda elmydama Watan küýsegi, Watan höwesi bolýar. Watanyň üýtgeşik howasy onuň kükreginde, ýüreginde ebedi ýaşaýar. Biz telekeçi bolup daşary ýurtlara kän gidip gelýäris. Söwda edýäris, ýöne uçarymyz Watanymyza Aşgabada gonanda damagyň dolup, seni üýtgeşik begenç duýgusy gaplap alýar. Akmuhammet Welsapar, seniň Türkmeni beýdip depeläp kiçeltmegiň saňa näme şöhrat getirýär?

29.05.2026 23:56
5.8k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
9.8k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.6k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

23.05.2026 15:57
7.6k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....