Türkmenistanda «Men telekeçi» taslamasy işe girizildi

  • 27.07.2019 03:52
  • 9.2k+

«Akylly tilsimat» hojalyk jemgyýeti Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde «Men telekeçi» atly ägirt uly taslamasyny işe girizdi. Bu barada CentralAsia.news habar berýär.
Bu taslama ýaş telekeçilere we öz pikirlerini täzelikde durmuşa geçirip başlanlara gönükdirilendir. Taslama şeýle hem dalaşgärleri Türkmenistandaky elýeterli bolan beýleki maglumatlara goşulmaga ýardam eder.
— «Men — telekeçi» taslamasy täze hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we tor arkaly özara gatnaşygyň hasabyna başlangyjy öňe sürmekde, şeýle hem Türkmenistanyň ähli künjeginden bolan ýaş telekeçiler bilen okuw sapaklarynda, forumlarda, maýa goýum duşuşyklarynda goşmaça mümkinçilikleri açýar — diýip hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Mähri Ahmedowa gürrüň berdi.
Taslama Türkmenistandaky telekeçilik işini öňe ilerletmäge we işewürlik gurşawyny gowulandyrmaga gönükdirilen strategik maksatlara laýyk gelýär – diýip, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Torda Ebbot-Uott gol çekiş dabarasynda belledi.
Belläp geçsek, 2016-njy ýyldan bäri «Akylly tilsimat» HJ durnukly işewürlik gurşawyny döredýär we IT-infrastrukturalara hyzmat edişiň binýatlyk ugurlaryndan daşary hyzmatlaryň hem-de çözgütleriň giň toplumyny hödürleýär.

düýn 23:22
400

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.4k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......