Türkmen halylary Alibaba internet söwda saýtynda satylyp başlandy

  • 21.07.2019 06:58
  • 7.7k+

«Berkarar General Trading LLC» kompaniýasy dünýäniň iň iri internet söwda saýty bolan «Alibabada» türkmen halylarynyň halkara söwdasyny ýola goýdy, diýip ORIENT agentligi habar berýär. Mundan başga-da, bu internet platformasynda Türkmenistanda öndürilen dokma önümleri, bezeg şaý-sepleri we milli öwüşginli sowgatlyklar satylar. Bu harytlaryň ählisi kompaniýanyň öz saýtynda hem elýeterlidir.
Alibaba.соm dünýäniň 190 ýurdunda elýeterli bolup, 160 milliondan gowrak müşderilere hyzmat edýär. Onuň jemi maýa dolanyşygy we ösüş depgini global marketpleýs üçin rekord derejä ýetdi. Bütin dünýäde meşhur bolan hytaý internet platformasyna türkmen halylarynyň çykarylmagy elektron söwdany ösdürmekde we halkara işewürlik hyzmatdaşlygyny ilerletmekde möhüm ädim boldy.

düýn 23:22
400

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.4k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......