«2019-njy ýylyň iň gowy lukmany» bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi

  • 18.07.2019 07:18
  • 11k+

Ejegözel Hudaýberdiýewa — Aşgabat şäherindäki 1-nji Saglyk öýüniň onkolog-lukmany «2019-njy ýylyň iň gowy lukmany» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy, bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Aşgabat şäherinde ýerleşýän 11-nji Saglyk öýünde «2019-njy ýylyň iň gowy lukmany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan gurnaldy.
Etraplarda, Aşgabatda we welaýatlarda deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan gatnaşyjylar bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda lukmanlara mahsus bolan ýokary hünär başarnyklaryny  emin agzalaryna görkezdiler. Türkmenistandan döredilen saglygy goraýyş ulgamy lukmanlara we orta hünärli lukmançylyk işgärlerine hünär başarnyklaryny ep-esli derejede ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Bu ilkinji nobatda saglygy goraýyş edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrylmagynyň hasabyna amala aşyryldy.
«2019-njy ýylyň iň gowy lukmany» bäsleşiginiň ýeňijisi Ejegözel Hudaýberdiýewa Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň Hormat haty we gymmatbahaly sowgatlary bilen sylaglandy.

şu gün 15:20
1.1k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

şu gün 07:47
1.3k+

Alymlar B2 witamininiň çiş öýjüklerini halas edip biljekdigini anykladylar

Adatça öýjükleri zeperlenmelerden goramaga kömek edýän B2 witamini, şol bir wagtyň özünde rak öýjükleriniň hem janly galmagyna ýardam berip biler. Ýulius Maksimilian adyndaky Wýursburg uniwersitetiniň Rudolf Wirhow merkeziniň alymlarynyň gelen bu netijesine esas bolan barlag hakda Nature Cell Biology žurnalynda çap edildi...

düýn 15:40
4.8k+

Awstraliýaly bir adam rak keselinden ejir çekýän iti üçin ChatGPT ulanyp mRNA sanjymyny döretdi

Awstraliýaly IT telekeçisi Pol Koningem standart bejergi netije bermänsoň, öz iti Rozi üçin synag mRNA sanjymyny işläp düzdi. Olar baradaky wakany The Australian gazeti gürrüň berdi. 2024-nji ýylda inženerçilik...

düýn 08:05
4.6k+

Türkmenistanda 1 — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...