Türkmenistanda biznes täzelikleri boýunça websaýt hereket edip başlady

  • 05.07.2019 08:13
  • 8.1k+

Türkmenistanda biznes habarlaryny 3 dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde berýän "Biznes Türkmenistan" maglumat merkezi websaýty hereket edip başlady. Redaksiýasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän websaýt biznes habarlaryny gündelik ýagdaýda täzeläp durýar.
2019-njy ýylda döredilen “Biznes Türkmenistan” (BT) Türkmenistanda resmi ýagdaýda hasaba alnan täjirçilik habarlary we maglumat hyzmatlary boýunça websaýt bolup, okyjylaryny ýola düşen kompaniýalary, täze döredilen kompaniýalary, maýa goýujylary, telekeçileri, importçylary, eksportçylary we sarp edijileri dürli ugurdaky habarlar, maglumatlar we ideýalar boýunça işjeň aragatnaşyga birikdirýär.
«BT» žurnalistler, redaktorlar, bilermenler, hukukçylar, wideo operatorlar we fotosuratçylar bilen aragatnaşyk saklap, olaryň maslahatlaryny alyp durýar. “Biznes Türkmenistanyň” habar we maglumat hyzmatlary giň gerimli ugurlary, şol sanda hususy eýeçilik, önümçilik senagaty, oba hojalygy, energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, tehnologiýa, söwda, hyzmatlar pudagy, bank we maliýe, tender bäsleşikleri we birža kwotalary ýaly mowzuklary öz içine alýar.
Saýtda şeýle hem marketing hünärmenleri sargyt edijiler bilen ýakyndan işleşip, olaryň biznes talaplaryna görä mahabat toplumyny düzýärler.
"Biznes Türkmenistan" barada has giň maglumaty www.biznes.com.tm websaýtyndan alyp bilersiňiz.

şu gün 00:07
341

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.1k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
980

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.7k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......