Türkmenistan we "Gazprom" 5 ýyllyk şertnama baglaşdy

  • 03.07.2019 23:00
  • 8.3k+

Russiýanyň "Gazprom" kompaniýasy "Türkmengaz" döwlet konserninden 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli — 5 ýyllyk möhlet bilen tebigy gaz satyn almak boýunça şertnama baglaşdy. Bu barada kompaniýanyň resmi habarynda aýdylýar.
Şertnama laýyklykda, Türkmenistandan "Gazproma" ýyllyk 5,5 milliard kubmetre çenli tebigy gaz iberiler.
"Gazprom" kompaniýasy 2019-njy ýylyň aprel aýynda türkmen gazyny gaýtadan satyn alyp başlady. 15-nji aprel bilen 30-nji iýun aralygy üçin baglaşylan gysga möhletleýin şertnamanyň çäginde 1,2 milliard kubmetr türkmen gazy Russiýa eksport edildi.
Mundan öň Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskiý Russiya bilen Türkmenistanyň türkmen gazynyň eksporty boýunça 5 ýyllyk şertnama baglaşmagyň mümkinçilikleri barada gepleşik geçirýändiklerini habar beripdi.

düýn 12:32
4.9k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

düýn 10:46
1.8k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......