Euronews I Hazar ykdysady forumynyň çärelerini şöhlelendirer

  • 30.06.2019 12:49
  • 3.3k+

Düzümine Ýewropanyň iri media agentliklerini birleşdirýän «Euronews-NBC» halkara ýaýlyma beriş korporasiýasy «Awazada» geçiriljek I Hazar ykdysady forumyny şöhlelendirer. Bu barada Aşgabatda «Arçabil» myhmanhanasynda I Hazar ykdysady forumyna bagyşlanylyp daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri üçin geçirilen media forumda bu korporasiýanyň halkara söwda bölüminiň direktory Kýel Şteýn habar berdi, diýip ORIENT habar berýär.
«Euronews-NBC-yň» wekili şeýle belläp geçdi: «Hazar ykdysady forumy iri möçberli çäre bolar. Biz bu çäräni ýaýlymda şöhlelendirmek bilen meşgullanýarys. Her günde «Euronews-a» dünýä boýunça 35 million adam tomaşa edýär. Şonuň üçin hem ol bu halkara forumy üçin örän ýerine düşen meýdançadyr».
— Bu forumyň köp sanly adamlara Türkmenistan bilen, onuň taryhy, medeniýeti, dürli ugurlarda ýeten sepgitleri bilen has ýakyndan tanyş bolmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn. Ýewropanyň ilaty Hazar sebiti, Türkmenistan barada has içgin tanyş bolmaga isleg bildirýärler. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň hökümeti, guramaçylar bilen hyzmatdaşlygymyzyň öz miwelerini berjekdigine ynanýaryn – diýip Şteýn belledi.
«Euronews-NBC» Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän iri halkara çärelerini şöhlelendirmek meselesinde mundan beýläk hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge umyt edýär. Şeýle hem Şteýniň bellemegine görä, kompaniýa yzygiderli ýagdaýda nobat boýunça hazarýaka döwletleriniň her birinde geçirilmegi meýilleşdirilýän soňky Hazar ykdysady forumlaryny hem şöhlelendirmäge taýýardyr.

düýn 20:41
5.6k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

düýn 20:15
884

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
856

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
4.3k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....