Türkmenistan «KAMAZ» ýük awtoulaglarynyň 2000 sanysyny satyn alar

  • 25.06.2019 23:54
  • 8.6k+

21-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hem-de önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, «KAMAZ» kysymly awtoulaglary, ýörite tehnikalary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu ugurda şeýle ulaglaryň 2000-e golaýy satyn alnar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, beýleki edara-kärhanalara «KAMAZ» kysymly awtoulaglaryň, ýörite tehnikalaryň uly toplumyny we ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almak barada «KAMAZ FTC CORP.LLP» kompaniýasy (Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde «Kamaz» kysymly awtoulag tehnikalaryny getirmek we olara geljekde hyzmat etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» Agentligi bilen «Kamaz» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
Türkmenistan «KAMAZ» kärhanasynyň önümlerini satyn alýan iri döwletleriň biri bolup durýar. 2008-2018-nji ýyllarda türkmen bazaryna bu zawodyň 9 müňden gowrak ýük awtoulaglary we ýörite tehnikalary getirildi. Bu tehnikalar we ýük awtoulaglary ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda giňden peýdalanylýar. Türkmenistanda Aşgabatda, Balkanabatda, Maryda we Türkmenabatda «KAMAZ-nyň» dilerlik merkezleri döredildi.

düýn 20:41
5.7k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

düýn 20:15
902

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
859

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
4.3k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....