Türkmenistanyň mekdep uçurymlary Hytaýyň nebit uniwersitetiniň talyplary bolar

  • 24.06.2019 23:30
  • 6.9k+

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) «Amyderýa» sebit gaz kompaniýasynyň gurnaýan bilim maksatnamasynyň çäklerinde şu ýylyň güýzünde Türkmenistanyň mekdep uçurymlarynyň ýene-de 10-sy Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetiniň talyplygyna kabul edilerler. Bu barada Turkmenportal habar berýär.
Saýlama bäsleşiklerine Türkmenistanyň bäş welaýatyndan uly synpdaky okuwçylaryň 450 sanysy gatnaşdy. Bu tapgyrda uniwersitetiň we «Amyderýa» kompaniýasynyň wekilleri iki günlük synag we iňlis dilinde gürrüňdeşlik geçirdiler.
Edil beýleki daşary ýurtly talyplar ýaly, türkmenistanly talyplar hem bir ýyl hytaý dilini öwrenerler. Soňra, synagy üstünlikli tabşyranlar degişli fakulteti saýlap, uniwersitetde okuwlaryny dowam etdirip bilerler. Fakultetler — nebit inženerçiligi, himiýa tehnologiýalary, geologiýa we beýlekiler. Okuw möhleti dört ýyla niýetlenendir we onuň ahyrynda ýaş hünärmene bakalawryň diplomy berler.
Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersiteti (China University Of Petroleum, Beijing) dünýäniň nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär taýýarlykly inženerleri we tehniki işgärleri taýýarlamak bilen Hytaý Halk Respublikasynyň iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Uniwersitetiň ýanynda ylmy-barlag institutlarynyň we toparlarynyň, şeýle hem barlaghanalarynyň onlarçasy hereket edýär. Galybserde-de, ylmy taslamalaryň 80 %-i HHR-iň öňdebaryjy nebit we nebithimiýa kompaniýalary bolan CNPC, SINOPEC, CNOOC tarapyndan hemaýatkärlik edilýär. Şeýle hem uniwersitet 80-den gowrak daşary ýurtlaryň uniwersitetleri, ylmy institutlary we nebit kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.
«China Petroleum Network News-yň» belleýşi ýaly, hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýörite maksatnama «Amyderýa» kompaniýasynda 2008-nji ýyldan bäri hereket edýär. Şu geçen döwürde ýaş türkmenistanlylaryň 133-si «CNPC» korporasiýasynyň talyp hakyny aldylar, olaryň 76-sy Hytaýyň nebit uniwersitetini tamamlap, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda zähmet çekýärler. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde ýene-de 57 talyp okuwyny dowam edýär. Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmekligi berkitmäge ýardam edýär.

08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...