Türkmenistanyň baýdagy dünýäniň çür başyna — Ewereste çykaryldy

  • 17.06.2019 23:20
  • 8.6k+

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalar toparynyň hünärmenleri dünýäniň iň ýokary nokadyna — Ewereste (8 848 metr) çykdylar we ol ýerde Türkmenistanyň döwlet baýdagyny parlatdylar, diýip «Turkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Daga çykmaklyga bu Holdingiň işgärleri — Latwiýanyň, Russiýanyň, Polşanyň, Kipriň we Moldawa Respublikasynyň raýatlaryndan ybarat bolan tejribeli alpinistler gatnaşdylar. Mundan öň, olar Uly Ararat (Ermenistan, 5165 m, 2011 ý.), Kilimanžaro (5895 m, 2014 ý.) we Mera (4562 m, 2014 ý.) — Tanzaniýa; Akonkagua (Andlar, 6960,8 m, 2018 ý.)) Argentinanyň we Çiliniň serhedi; Monblan (Günbatar Alp daglary, 4810 m, 2018 ý.) – Fransiýanyň we Italiýanyň serhedi — dag belentliklerine çykdylar.

Bu gezek bolsa daga çykyjylar Eweresti boýun egdirdiler. Ewereste çykmaklyk Tibet (Hytaý Halk Respublikasy) tarapdan amala aşyryldy. Çylşyrymly howa şertlerinde 48 güne çekdi.
«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalar topary Türkmenistanda öz işini «Dragon Oýl» (Türkmenistan) kompaniýasy bilen uzakmöhletleýin baglaşylan şertnamanyň esasynda alyp barýar. Şeýle hem holding «Petronas Çarigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd» kompaniýasy bilen hem hyzmatdaşlyk edýär.

09.06.2026 07:41
9.3k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.1k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.8k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......