Türkmenistanda duýdansyz harby-taktiki türgenleşikler geçirildi

  • 14.06.2019 00:30
  • 8.6k+

13-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýyl üçin harby we hukuk goraýjy edaralarynyň tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, gije ýarymdan agansoň, degişli düzümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada beren buýrugy esasynda harby okuw-türgenleşigi üstünlikli geçirildi we onda Ýaragly Güýçlerimiziň we beýleki goşun görnüşleriniň harby gullukçylary ýokary söweşjeň taýýarlygyny görkezdiler. Bu barada milligosun.gov.tm saýty habar berýär.
Şu gezekki duýdansyz harby-taktiki türgenleşiklerde Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary, Guryýer goşunlarynyň harby bölümleri, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary şertli garşydaşy hem-de döwletimiziň çägine taşlanan diwersion toparlary zyýansyzlandyrmakda we ýok etmekde öz başarnyklaryny görkezdiler.
Tälimlerde diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinamyza esaslanýan Watanymyzyň iň täze harby tehnikalarynyň nusgalary ulanyldy.
Geçirilen tälimiň esasy aýratynlygy – onuň transmilli howplara garşy göreşmek üçin niýetlenen endikleri harby gullukçylarymyzyň tarapyndan kämilleşdirilmegi bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy we asudalygy Milli goşunymyz tarapyndan doly üpjün edilýänligi ýene bir gezek subut edildi.

09.06.2026 07:41
9.3k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.1k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.8k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......