Nädip benziniň sarp edilişini tygşytlamaly

  • 25.05.2019 23:01
  • 9.5k+

Ilkibaşdan, bilmeli zadymyz: siziň wezipäňiz — benziniň sarp edilişini azaltmak däl-de, onuň artykmaç harçlanmagynyň öňüni almakdyr. Dürli görnüşli enjamlary ulanmak arkaly benziniň sarp edilişini iki esse tygşytlap bolýar diýen ýalan maslahatlar görnetin netijäni bermez. Dürli bilermenler — professional sürüjiler, awtosport türgenleri we awtomobil tehnikasy ugrunda işläp ýörenler hem size ýangyjyň sarp edilişini tygşytlamak boýunça ýeke-täk düzgünleri aýdyp bilmez. Bu babatda, her kim öz tejribesinden ugur alyp, her kim bir zady maslahat berýär.
Hemmeleriň aýdýanlaryny jemläp, benzini tygşytlamagyň umumy formulasyny getirip çykarmaga synanyşdyk. Elbetde, benzin tygşytlamak babatda diňe maşynyň işleýşi birkemsiz bolan ýagdaýynda gürrüň edip bolar.

1. Ilki bilen howa filtrlerini barlaň
Bu bary-ýogy birnäçe minut wagtyňyzy alar: ony çykaryp, ýagtylyga tutuň — eger-de ondan ýagtylyk geçmeýän bolsa, filtrleri çalyşmaga wagt geldi. Ýaramsyz howa filtri motora gelýän howa akymyny çäklendirýär. Netijede bolsa, artykmaç benzin harçlanýar.
2. Sintetikanyň ýa-da ýarym sintetikanyň esasynda bolan şepbeşikligi pes «ýeňil» motor ýaglaryny ulanyň
Bu hili ýaglar ýangyjyň sarp edilişini 6% tygşytlamaga ukyplydyr.
3. Şinalardaky basyşy barlaň
Doly ýel berilmedik tigirler yrgyldama garşylygyny ýokarlandyrýar, bu ýagdaýda ýangyç köp sarp edilýär. Ýatdan çykarmaň, diňe sowuk haldaky şinalaryň basyşyny barlamalydyr. Ýangyjy mümkin boldugyndan tygşytlamak üçin, basyşy kadadan 0,3 bar artdyryp görüň. Podweska we kuzowa düşýän agramyň az-kem artmagyna garamazdan, ýolagçylar muny aňşyrmazlar.
4. Ýol dykynlarynda hemişelik tizligi üýtgetmän saklajak boluň
Dykyn wagtynda maşynlar dessine gozganyp, dessine-de saklanmaly bolýar. Bu bolsa diňe bir artykmaç benzin harçlamak bilen çäklenmän, eýsem, awtomobiliň uzellerine hem artykmaç agramdyr. Eger-de, gürrüň belli bir derejede erkin hereket hakynda bolsa, birnäçe gün tizligi 90 km/sagatdan geçirmän sürüp görüň. Şonda ýangyç guýdurmak üçin öňküden iki esse az gidýändigiňizi görersiňiz.
5. Gazyň pedalyna usullyk bilen basyň
Dessine bat almak — benzini boş harçlamagyň iň aňsat usulydyr, çünki bu ýagdaýda silindre köp mukdarda ýangyç iberilýär. Pes tizliklerde ýokary peredaçalary ulanmaň — bu hem ýangyjyň sarp edilişini tizlendirýär.
6. Dessine tormaz bermejek boluň
Aýratyn hem bu karbýurator maşynlaryna degişlidir. Bu hili maşynlarda dessine tormoz berlende, boş aýlanyş žiklerden artykmaç mukdarda ýangyç sorulýar. Şonuň üçin hem tizligi gerekli ýerinde emaý bilen peseltmek üçin ýoldaky ýagdaýa üns bilen dykgat ediň.
7. Kondisionerleri seýrek işletmek bolar
Kondisioner harçlanýan benziniň 5-den 20 %-ne çenlisini sarp edýär. Haçan-da benziniň mukdary aşa azalanda, kondisionerleri öçürip, aýnalary açyp siz belli bir derejede köp ýol geçip bilersiňiz.
8. Maşynyň agramyna agram goşýan we howa garşylygyny artdyrýan ähli zatlary aýryň
Bulara şu zatlar degişli bolup biler: kryşada göterilýän bagažnik, týuning, bagažnikdäki gerekmejek zatlar we beýlekiler. Bu zatlaryň ählisi benziniň harçlanylyşyna ýaramaz täsir edýär. Öz tekerlerini has giňlerine hem çalyşmajak boluň. Aýratyn hem uzak ýola gidilende standart inçe tekerleriň ähmiýeti uludyr.
9. Otlaýyş ulgamy
Otlaýyş ulgamynyň näsazlygy zerarly (sweçlaryň hapalygy, simleriň ýaramazlygy we beýlekiler) 30-40% benzin harçlap bolar. Elbetde, tehnika o diýen düşünmeýän adam üçin bu zatlaryň ählisine düşünmek kyn bolar, şonuň üçin hem degişli hünärmene ýüz tutmaly.
10. Ýokary tizlik gymmada düşer
Ýokary tizlikdäki hereket bilen benzin tygşytlap bolmaz. Çünki aerodinamiki garşylygyň artmagy bilen benziniň sarp edilişi hem artýar. Aýnanyň ýa-da lýugyň açylmagy pes tizlikde ýangyjyň sarp edilişine az täsir edýär. Eger-de aýnany açyp hereket etjek bolsaňyz, onda goşmaça 0,2-0,5 litr benzin sarp edersiňiz.
11. Artykmaç ýagtylyk – artykmaç litrler
Elektrik energiýasyny üznüksiz sarp edip oturan enjamlar gymmata düşýär. Zerurlyk bolmasa, aýnany elektrik galdyryylardan, yzky aýnany gyzdyryjydan, salonyň içini ýagtylandyryjylardan, oturgyçlary ýyladyjydan, kondisionerden peýdalanmaň. Mysal üçin, öçürilmegi ýatdan çykan kondisioner – her 100 kilometre 1,5 litr, yzky aýnany ýyladyjy bolsa – 0,4 litr ýangyç sarp eder. Elbetde, ýaramaz howada, dumanda, hatda gündiz hem ýakyna yşyk berýän çyralary ýakmaly bolanda tygşytlylyk hakynda gürrüň edip bolmaz.

23.06.2025 08:47
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (23.06 - 29.06)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...

19.06.2025 16:34
5.5k+

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda okamak isleýänleriň arzalaryny 30-nji iýuna çenli kabul edýär

Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa ugratmak bilen meşgullanýan “Ýönekeý” kompaniýasy hasaba almak möhletiniň tamamlanyp barýandygyny ýatladýar. Okuw üçin hasaba almagyň möhleti 2025-nji ýylyň 30-nji iýunyna çenli süýşürildi...

17.06.2025 20:42
9.6k+

Sabiana, Airwell we GRAD kompaniýalarynyň Türkmenistandaky distribýuteri amatly bahadan sowadyş ulgamlaryny hödürleýär

Italiýanyň "Sabiana", Fransiýanyň "Airwell" we Hytaýyň "Grad" kompaniýalarynyň Türkmenistandaky distribýuteri bolan "Mylaýym şemal" hususy kärhanasy öýlerde we ofislerde mylaýym howa gurşawyny döretmek üçin kondisionerleri, fankoýllary we VRV sowadyş ulgamlaryny hödürleýär...

10.06.2025 22:09
7.7k+

Hytaýda ýa Türkiýede okamak isleýäňmi? “Yakynyol” amatly teklip hödürleýär

Hytaý, Türkiýe ýokary hilli okuw maksatnamalary, ylmy-tehnologik ugurlardaky giň mümkinçilikleri bilen dünýäniň dürli künjeginden ýaşlary özüne çekýär. Bu ýurtda okamak isleýän türkmen ýaşlarynyň sany hem barha artýar...