Türkmenistanyň Х Halkara gaz kongresi öz işine başlaýar

  • 21.05.2019 06:39
  • 2.5k+

21-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Х Halkara gaz kongresi öz işine başlaýar. Çärä gurnaýjylar — «Türkmengaz» döwlet konserni hem-de «Turkmen Forum» kompaniýasy.
Guramaçylaryň saýtynda bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilýän gaz kongresi Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we giňeltmäge ýardam edýän abraýly işewürler-forumydyr. Kongresiň çäklerinde Türkmenistanyň gaz bazaryna we täze gaz-himiýa taslamalaryna syn berler, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary prezentasiýalar bilen çykyş ederler, toplanan tejribeleri bilen paýlaşarlar. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna aýratyn üns berler. Forumyň çäklerinde köp sanly şertnamalara we ähtnamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Kongresiň işine öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda: Hyundai Engineering, Kawasaki, Shell, Petronas, Gaffney, Cline and Associates, NAPECO, Vitol, CNPC, Dragon Oil, ENI, Buried Hill, World Bank, IFC, ADB, ILF, EBRD, Allen & Overy we beýlekiler bar.
Forumyň gün tertibine dünýäniň gaz bazarynyň geljekki ösüş ugurlary, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýeti, tebigy gazyň eksport ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek, gazhimiýa we gazy gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek üçin ýurdumyzda döredilen şertler, şeýle hem maýa goýum işjeňligi ýaly möhüm meseleler giriziler.

08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...