«Gazprom eksport» we «Türkmengaz» DK arbitražyň tamamlanýandygy hakynda ylalaşyga gol çekdi

  • 21.05.2019 00:50
  • 3.9k+

«Gazprom eksport» AGPJ we «Türkmengaz» DK 2019-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda arbitraž çözlüşmeleriň tamamlanýandygy hakynda ylalaşyga gol çekdi we degişli habarnamany arbitraž tribunala iberdi. Bu barada «Gazpromyň» saýtynda ýerleşdirilen çärýeklik hasabatda beýan edilýär, diýip oilgas.gov.tm saýty habar berýär.
Ýatlap geçsek, 2009-njy ýyla çenli «Gazprom» türkmen gazynyň iň iri satyn alyjysydy. Ol ýylda 40 milliard kub metr gaz import edýärdi. Şu döwürde «Gazproma» gazy GDA we Ýewropa ýurtlaryna satyp, düýpli peýda görmek bilen, gymmat bolmadyk türkmen gazyny satyn almak bähbitlidi.
2009-njy ýyldan başlap, «Türkmengaz» «mawy ýangyjy» dünýä bazarlarynyň nyrhyndan satyp başlady. Şundan soňra, «Gazprom eksport» türkmen gazynyň satyn alynýan möçberini düýpli azaltdy. Bu bolsa, türkmen hünärmenleriniň pikirine görä, gaz geçirijide awariýanyň ýüze çykmagyna getirdi. Netijede, ibermeler togtadylyp, 2010-njy ýylyň başynda örän az möçberde gaýtadan dikeldildi. Şertnamalaýyn ylalaşyklara garamazdan, «Gazprom» gazyň möçberini ýylda 10-11 mlrd kub metre çenli azaltdy, 2015-nji ýylda bolsa, bu möçber 4 mlrd kub metre çenli ýetdi.
Arbitraž boýunça çözlüşikler dört ýyl mundan öň başlandy. 2015-nji ýylyň iýunynda «Gazprom eksport» 2010-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli iberilen türkmen gazynyň bahasyna gaýtadan seretmek boýunça arbitraž öňe sürdi.
2016-njy ýylyň başyndan «Gazprom» 2018-nji ýylyň ahyryna çenli «şertnamalaýyn säginme» alyp, türkmen gazyny satyn almagyny togtatdy. Arbitraž prosesiň çäginden daşynda özara bähbitli çözgüdi tapmak maksady bilen «Gazprom eksport» bilen «Türkmengazyň» arasyndaky arbitraž çözlüşikleri hem wagtlaýyn togtadyldy.
Türkmen gazynyň Russiýa Federasiýasyna iberilmegi 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde gaýtadan ýola goýuldy.

08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...