Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde täze gaz käni tapyldy

  • 19.05.2019 04:48
  • 2.6k+

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäklerinde ýerleşen «Täjibaý» diýen geljegi uly meýdançada geçirilýän geologiýa-barlag işleriniň netijesinde bu ýerde 2 müň 400 metr çuňlugy bolan guýynyň buraw işleri tamamlanyp, senagat ähmiýetli kükürtsiz tebigy gazyň akymy alyndy. Häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-barlag instituty tarapyndan täze açylan ýatagyň gorlaryny hasaplamak işleri alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer M.Meredow 17-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň eýe bolan baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm şertidigini nygtady. Şol maksatnamalar milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň güýçli depginini üpjün etmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan anyk wezipelere ünsi çekip, wise-premýere täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan ulanmaga girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Bu ugurda amala aşyrylýan taslamalar ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň eksportyny artdyrmaga hem-de ýurdumyzda gurlan nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilikleri çig mal bilen ygtybarly üpjün etmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...