Dünýädäki iň baý adamyň telekeçilik boýunça 10 maslahaty

  • 09.05.2019 19:36
  • 10k+

«Forbes» žurnalynyň sanawynda Jef Bezos 2018-nji ýylda dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda öňdeligi eýeledi. «Asian Enterpreneur» neşiri Jef Bezosyň iş tejribesi boýunça telekeçiler üçin maslahatlary siziň dykgatyňyza ýetirýär.
Töwekgelçilik ediň! 1994-nji ýylda Jef Bezos 30 ýaşady. Ol Uoll-stritdäki iri maýa goýum firmasynyň iň ýaş wise-prezidenti bolupdyr. Muny üstünlik hasaplap bolar. Geljekki telekeçi alty belgili aýlyk alýardy. Ýöne ol öz arzuwyny — elektron söwdanyň täze dünýäsinde öz kompaniýasyny döretmek isleýärdi. Bu elbetde töwekgelçilikli pikirdi. Ýöne gysga wagtda onuň esaslandyran «Amazon» kompaniýasynyň girdejisi 610 mln dollara we dünýä boýunça 13 mln müşderä ýetdi. Bezos Geýtsden hem öňe geçip, dünýäniň iň baý adamy bolmagy başardy.
Mümkinçilikleri gözläň. Adamy üstünlikli telekeçi edýän hilleriň biri hem bazardaky mümkinçilikleri kesgitläp bilmek, aýratyn hem olary masştablaşdyryp bilmekdir. Bezos «DE Shaw & Co» kompaniýasynda işleýärdi we internet bilen bagly bazarlary öwrenýärdi. Onuň bellemegine görä, internet bazarlarynyň ösüşi aýda 2300 %-e ýetýärdi. Bezos internetiň geljegiň esasy gurşawy boljakdygyna we internetde harytlary has arzan bahadan satyp biljekdigine düşündi.
Tiz synap görüň we gerimi giňeldiň! Haçan-da Bezos internetde söwda başlajak bolanynda onda saýlamak üçin bary-ýogy 20 sany önüm görnüşleri bardy, şol sanda CD-diskleri, kitaplar we programma üpjünçiligi. Netijede ol kitaplary saýlaýar. 1995-nji ýylda ol «dünýädäki iň uly kitaphanany» açýar (Cadabra.com soňlugy bilen «Amazon» adynda üýtgedilýär).
1998-nji ýylda Bezos pikiriniň üstünlik getirip başlandygyny görüp, harytlarynyň gerimini giňeldip başlaýar. Ilki bilen Täze ýyl üçin sowgatlary satyp başlaýar. Şeýdip, häzirki wagtda «Amazon» internet magazininde eşikden, çaga oýnawaçlaryndan başlap, elektronika harytlaryna çenli satylýar.
Müşderi elmydama birinji nobatda. Bezosyň bir gezek belleýşi ýaly: «Biziň maksadymyz — müşderini hemişe birinji ýerde goýup bilýän kompaniýa bolmakdyr». «Amazonyň» pelsepesi hem hut şunda jemlenýär. Bu ideologiýa saýtda ýönekeý hereket etmekden başlanyp, teswirlerde, reýtinglerde we eltip bermek prosesinde aýdyň ýüze çykýar.
Bir ýerde durmaň. «Amazon» onlaýn-magazininiň peýda bolmagynyň özi täzelikdi. Şol döwürler az sanly adamlar zatlaryny internet arkaly satýardylar. Innowasiýalar elmydama hem Bezosyň karýerasynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Ol saýty işläp düzmekden başlap, harytlaryň ähli görnüşlerini bir ýerde satmaklyga çenli ähli zada täzelik girizipdir. Hut şu hem ony bäsdeşlerinden öňe saýlan zat bolupdyr.
Sabyrly boluň. Bu Bezosyň öňe sürýän ýörelgeleriniň biri. Telekeçi adam netijäniň wagtyň geçmegi bilen gelýändigini bilýär. «Amazon» magazini ösdürmeginiň ilkinji tapgyrlarynda täze şähere göçmek üçin Bezos maşgala agzalaryndan hem dost-ýarlaryndan pul karz almaly bolupdyr.
Topar bolup işlemegi başaryň. Bezos «Amazonyň» üstünlik gazanmagynyň topar bolup işlemegiň netijesidigini ençeme gezek belläpdi. Işiň üstünlikli ýola goýulmagy üçin şol işe berlen adamlar topary gerekdir.
Dürli pudaklarda işläň. 2013-nji ýylda Jef Bezos «The Washington Post» neşirini satyn aldy. Şol wagt ol neşiriň öňki ruhuny saklap galjakdygyny, ýöne «Amazonyň» pelsepesini ýöretjekdigini belledi. Mundan başga-da, ol «Uber» we «Business Insider» ýaly kompaniýalara hem maýa goýum goýdy, robot tehnikasy, kosmos hem ylym pudaklaryny maliýeleşdirdi.
Pozitiw pikirleniň. Bezos «Her bir çagyryş — mümkinçilik» diýen pikiri öňe sürýär. «Amazon» internet-magazininiň ilkibaşda garažda başlandygyna gramazdan, gysga wagtda ol dünýädäki iň uly kitaphana öwrüldi. Haçan-da «Amazonyň» paýnamalarynyň bahasynyň 100 dollardan 6 dollara çenli arzanlanynda, Bezos ruhdan düşmän, Bu kynçylygy ynam hem pozitiw pikirlenme bilen ýeňip geçdi.
Öz arzuwyňyza tarap hereket ediň. Öz işiňe bolan söýgi oňat telekeçini erbetden tapawutlandyrýar. Bezos bolsa kitaplary we söwdany gowy görýärdi.

şu gün 13:28
396

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

düýn 18:32
3.4k+

Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär

Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi...

düýn 18:25
2.1k+

Maserati bir ýylda Porsche-niň 11 günde satanyndan hem az ulag satdy

Maserati kompaniýasy 2025-nji ýyly satuwlaryň düýpli pese düşmegi bilen tamamlady. Carscoops neşiriniň bellemegine görä, 12 aýyň dowamynda bütin dünýäde bary-ýogy 7,9 müň awtomobil satyldy. Bu mukdar Porsche-niň takmynan 11 günde satýan ulaglarynyň sanyna barabardyr...

01.03.2026 11:55
4.3k+

Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär

Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-da we Ýewropada telewizor biznesini dolandyrmagy resmi taýdan Hytaýyň Skyworth kompaniýasyna berýär diýip, Financial Times ýazýar. Ylalaşygyň şertlerine görä, aprel aýyndan başlap Skyworth bellenen sebitlerde ýapon brendiniň önümleriniň logistikasyny, marketingini we satuwyny doly öz boýnuna alar...