Türkmen gazy Russiýa Gazagystanyň üsti bilen iberilýär

  • 04.05.2019 23:21
  • 2.6k+

Türkmen tebigy gazy «Merkezi Aziýa — Merkez» magistral gaz geçirijisi boýunça Gazagystan üsti bilen Russiýa Federasiýasyna iberilip başlandy, diýip «КазТрансГаз» milli kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

«Merkezi Aziýa — Merkez» magistral gaz geçirijisi boýunça Russiýa iberilýän tebigy gazynyň möçberi bir günde 15 mln kub metre barabardyr. Gazagystanyň üsti bilen goýberilip başlanan döwründen şu güne çenli 220 mln kub metrden gowrak gaz iberildi.
Объем транспортировки туркменского газа в Россию по магистральному газопроводу 
«КазТрансГаз»-yň bellemegine görä, türkmen gazynyň Gazagystanyň gazulag ulgamynyň üsti bilen iberilmegi 2016-njy ýylda togtadyldy. 2019-njy ýylyň başynda bolsa, Gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara ylalaşygyň çäklerinde gazyň iberilmegini gaýtadan ýola goýmak hakynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ylalaşyklar gazanyldy

08.06.2026 19:01
4.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...